Atatürkiň Aramgähine Bir Günde 221 Müň 717 Adam Zyýarat Etdi

Atatürkiň Aramgähine Bir Günde 221 Müň 717 Adam Zyýarat Etdi

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy beýik Baştutan Gazi Mustafa Kemal Atatürkiň jaýlanan ýeri bolan Aramgähine 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy mynasibetli 221 müň 717 adam zyýarat etdi.

Ýaşlar we sport ministri Osman Aşkyn Bakyň gatnaşmagynda düýn ir ertir geçirlen resmi dabaradan soň Atatürkiň Aramgahi Türkiýe bilen 10.00 bilen 21.00 aralygynda halkyň zyýaratyna açyldy.

Ýaş uly-ýaş kiçi diýmezden müňlerçe adam, Atatürkiň suratlary, Türkiýäniň baýdaklary we al-ýaşyl güller bilen Atatürkiň Aramgähine geldi.

19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy mynasibetli Aramgähe 221 müň 717 adam zyýarat etdi.

Aramgähe gül desselerini goýan raýatlaryň käbiri doga okady.

Ýene degişli makalalar

Atatürkiň Aramgähine 1 Günde 1 Million 92 Müň Adam Baryp Gördi
Türkmenistanyň Prezidenti Mustafa Atatürki hatyralady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mustafa Atatürki hatyralady
Atatürküň Aramgähine 1 Million 182 Müň 425 Adam Baryp Gördi
Döwlet Ýolbaşçylary Atatürkiň Aramgähine Bardy
5000 ýyllyk aramgäh tapyldy