Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mustafa Atatürki hatyralady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mustafa Atatürki hatyralady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparyny bu dostlukly döwletiň düýbüni tutujy we ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň Ankarada ýerleşýän aramgähine gül goýmakdan başlady. Munuň özi türk halkynyň milli gahrymanyna bildirilen hormatyň nyşanydyr. Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, rrden ýadygärlik toplumyna gelende, belent mertebeli türkmen myhmanyny Türkiýäniň resmi adamlary garşyladylar. Şeýle-de bu ýerde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiz Atatürküň guburynyň öňündäki ýörite bellenen ýerde gül desselerini goýmak bilen, doganlyk türk halkynyň liderini hatyralady. Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň Misak-i milli (Milli ylalaşyk) binasyna baryp, Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Ýeri gelende bellesek, Anytkabir — sözme-söz terjime edilende ýadygärlik mazary diýmegi aňladýan taryhy arhitektura ýadygärligi Türkiýe Respublikasynyň düýbüni tutujy Mustafa Kemal Atatürküň hormatyna bina edilendir.Onuň gurluşygyna ömrüni türk halkynyň abadan durmuşynyň bähbidine bagyşlan Atatürk aradan çykandan alty ýyldan soň — 1944-nji ýylda başlandy. 1953-njy ýylda gurluşygy tamamlanan bu toplum ýerli ýaşaýjylaryň, şol sanda syýahatçylaryň hem gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi.

Aramgähi, muzeýdir seýilgähi we beýleki desgalary öz içine alýan toplumyň umumy meýdany 750 müň inedördül metre barabar bolup, onuň gurluşygynda seljuk hem-de osmanly ýörelgeleri özara sazlaşygy emele getirýär.

Anytkabiriň altyn mozaika bilen örtülen piramida görnüşli gümmezli däp bolan sekizburçluk şekilinde bina edilen Hormat zalynda ilkinji Prezident Mustafa Kemal Atatürküň gubury ýerleşýär. Muzeýde onuň bilen bagly ýadygärlik zatlar, şahsy goşlary saklanýan bolsa, arhitektura desgasynyň içinde simmetrik usulda bina edilen 10 sany diň Atatürküň Türkiýe Respublikasynyň ösüşine güýçli täsirini ýetiren iň möhüm ideýalaryny alamatlandyrýar.

Ýene degişli makalalar

Atatürküň Aramgähine 1 Million 182 Müň 425 Adam Baryp Gördi
Döwlet Ýolbaşçylary Atatürkiň Aramgähine Bardy
Ýurtda 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy Giňden Bellenilip Geçilýär
Şu gün 23-nji Aprel
TRT 23-nji aprel Çagalar festiwaly giňden belenilip geçilýär
Türkiýe Olimpiadalarda