Döwletjan Ýagşymyradow Bellator 300 turnirindäki ýeňşi üçin 100 müň amerikan dollaryny gazandy

Döwletjan Ýagşymyradow Bellator 300 turnirindäki ýeňşi üçin 100 müň amerikan dollaryny gazandy

Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow Kaliforniýada geçirilen Bellator 300 turniriniň çäginde polşaly Maseý Rozanskiniň üstünden gazanylan ýeňiş üçin, höweslendiriji tölegler bilen bilelikde jemi 100 müň amerikan dollaryny gazandy. Onuň garşydaşy bolsa 23 müň amerikan dollaryna eýe çykdy. Bu barada MMA Fighting sport neşiri habar berdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, ýarym agyr agramda geçirilen tutluşyk doly üç raund dowam edip, eminleriň biragyzdan gelen netijesine görä — 30-27, 29-28, 29-28 hasabynda Döwletjan Ýagşymyradowyň peýdasyna tamamlandy.

Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabrynda Bellator promouşeni bilen şertnama baglaşdy. Ol bu guramada çykyş edýän ilkinji türkmenistanly hökmünde hem taryha girdi. Döwletjan şu wagta çenli garyşyk söweş sungaty boýunça geçirilen turnirlerde 21 ýeňiş gazanyp, 7 gezek ýeňlişe sezewar boldy. Onuň gatnaşmagyndaky 1 söweş bolsa deňlikde tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystana iş sapary bilen bardy, Belarus ýokary okuw mekdepleri Aşgabatda geçirilen sergide bilim hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar, türkmen medeniýet we sungat ussatlary Wenada konsert bererler we beýleki habarlar
Döwletjan Ýagşymyradow Bellatordaky ýeňşinden soňra Tükmenistana dolandy
Türkmenistanly Döwletjan Ýagşymyradow Bellatordaky bassyr üçünji ýeňşini gazandy
Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow Bellator ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar
3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ýagşymyradow Nedo söweşine 10 günden az wagt galdy