Döwletjan Ýagşymyradow Bellatordaky ýeňşinden soňra Tükmenistana dolandy

Döwletjan Ýagşymyradow Bellatordaky ýeňşinden soňra Tükmenistana dolandy

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow şu gün irden Türkmenistana dolandy. Bu barada HHM habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, ol Kaliforniýada geçirilen Bellator 300 turnirinde polşaly Maseý Rozanskiden üstün çykdy.

Ýarym agyr agram derejede geçirilen şol tutluşyk doly üç raund dowam edip, eminler biragyzdan Döwletjan Ýagşymyradowyň ýeňşini ykrar etdiler. Döwletjan Ýagşymyradow üçin şol ýeňiş Bellatordaky bassyr üçünji üstünlik boldy. Onuň umumy karýerasyny hasaba alanyňda, häzirki wagtda Döwletjanyň 21 ýeňşi, 7 ýeňlişi we 1 deňligi bar. Nobatdaky ýeňşinden soňra Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň ýarym agyr agramdaky reýtinginde bäşinji orna göterildi.

Aşgabat şäherine gelen badyna žurnalistler bilen bolan söhebtdeşlikde türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow ýaryşdan soň watanyna gaýdyp gelendigine begenýändigini aýdyp, eger-de hemme zat ugruna bolsa, guşak üçin söweşjekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Mundan başga-da, Döwletjan Ýagşymyradow ýurda türgenleşigini dowam etdirmek üçin gelendigini aýtdy. Şeýle-de ol 14-15-nji oktýabrda Arkadag şäherinde geçiriljek Arkadagyň säheri halkara kinofestiwalyna hem gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Döwletjan Ýagşymyradow Bellator 300 turnirindäki ýeňşi üçin 100 müň amerikan dollaryny gazandy
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystana iş sapary bilen bardy, Belarus ýokary okuw mekdepleri Aşgabatda geçirilen sergide bilim hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar, türkmen medeniýet we sungat ussatlary Wenada konsert bererler we beýleki habarlar
Türkmenistanly Döwletjan Ýagşymyradow Bellatordaky bassyr üçünji ýeňşini gazandy
Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow Bellator ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar
3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ýagşymyradow Nedo söweşine 10 günden az wagt galdy