Döwletjan Ýagşymyradow “Kuruluş Osman” serialynyň üçünji möwsüm jeminde rol aldy

Döwletjan Ýagşymyradow “Kuruluş Osman” serialynyň üçünji möwsüm jeminde rol aldy

Amerikanyň söweş çempiýonaty “Bellator” bäsdeşliginiň pälwany, Türkmenistanly Döwletjan Ýagşymyradow taryhy türk serialy “Kuruluş Osmanyň” üçünji möwsüm jeminde rol aldy.

Bu teleserialyň 98-nji bölümi 15-nji iýunda Türkiýäniň ATV telekanalynda görkezildi.

Döwletjan Konýaly Balabanyň rolyny oýnady. Onuň serialdaky egindeşi-filmde baş roly-Osman begi- oýnaýan belli türk aktiýory Burak Özjiwit boldy.

Mundan owal Ýagşymyradow teleserialyň 8-nji iýunda ATV telekanalynda görkezilen 97-nji bölümindäki bir wakada oýnapdy.

Bu kino Osman imperiýasyny esaslandyryjy meşhur Ärtogrulyň ogly Osman Gazynyň tagta çykmagyny öz içine alýan möhüm taryhy döwür barada gürrüň berýär.

Belläp geçsek, Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabrynda “Bellatora” goşulypdy. Ol “Bellatorda” çykyş edýän ilkinji Türkmenistanly türgen.

32 ýaşly Döwletjan AGSS-niň (MMA) çempiýonlyk kemerini 2018-nji ýylda alypdy. Ol 2019-njy ýylda AGSS-niň kemeriniň eýesi hökmünde iki gezek öz titulyny gorapdy.

Ýagşymyradowyň hasabynda 18 ýeňiş we 1 sany deňme-deň bäsdeşlik bar.Onuň Albrektsson bilen bäsleşikde 70 müň dollar gazanandygy we garşydaşynyň bolsa, 50 müň dollar alandygy habar berilýär.The post Döwletjan Ýagşymyradow “Kuruluş Osman” serialynyň üçünji möwsüm jeminde rol aldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Burak Özçiwit türkmenistanly janköýerlerine salam iberdi
Döwletjan Ýagşymyradow Kuruluş: Osman atly türk filminiň dördünji möwsüminde surata düşdi
Arkadag şäherinde Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwaly geçirildi
Türkiýeli aktýor Burak Özçiwit Türkmenistana geldi
Ýagşymyradow Nedonyň üstünden gazanylan ýeňişden soňra Türkmenistana dolanýar
Halk market we Rusagro hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekdiler, Türkmenistany we Gazagystany Garabogaz aýlagy boýunça täze awtomobil köprüsi birikdirer, öňüni alyş çäreleriniň üýtgedilen tertibi we beýleki habarlar