Ýagşymyradow Nedonyň üstünden gazanylan ýeňişden soňra Türkmenistana dolanýar

Ýagşymyradow Nedonyň üstünden gazanylan ýeňişden soňra Türkmenistana dolanýar

Ýarym agyr agramda çykyş edýän türkmenistanly MMA türgeni Döwletjan Ýagşymyradow PFL 2 turnirinde sloweniýaly Jeýkob Nedonyň üstünden gazanylan ýeňişden soňra ata watanyna dolanýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Ýagşymyradow — Nedo söweşi 13-nji aprelde Las-Wegas (ABŞ) şäherinde geçirildi. Tutluşykda türkmen türgeni eýýäm deslapky raundda tehniki nokaut arkaly ynamly ýeňiş gazandy.

Döwletjan Ýagşymyradow Turkish Airlines awiakompaniýasynyň uçary bilen Türkmenistana geler. Türkmenistanyň sport abraýyny mynasyp goraýan Döwletjan Ýagşymyradowyň Aşgabadyň Halkara howa menzilinde hormat bilen garşylanmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda Döwletjan Ýagşymyardowyň hasabynda 22 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňlik bar. Döwletjan bassyr 4 tutluşyk bäri ýeňiş gazanyp gelýär.

Ýene degişli makalalar

3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ýagşymyradow Nedo söweşine 10 günden az wagt galdy
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Döwletjan Ýagşymyradow indiki söweşini PFL 5 turniriniň çäginde 22-nji iýunda geçirer
Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň reýtinginde ilkinji ýedilige girdi
Türkmen howa ýollary Beýik Britaniýa bilen Wýetnamyň arasynda ýük gatnawlaryny amala aşyrar, Ak şäherim Aşgabat sergisi iki gün dowam eder, Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi we beýleki habarlar