Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

Düýn 1-nji ýanwarda Döwletliler köşgüniň baýramçylyk ruhunda bezelen zalynda Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalary Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlamak üçin bu ýere Aýazbaba we Garpamyk gelipdirler. Çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşmaga Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem geldiler.

Ýaş zehinli çagalar dabara gatnaşýan myhmanlaryň öňünde konsert maksatnamasy boýunça çykyş edip, öz döredijilik başarnyklaryny görkezdiler. Bezelen arçanyň ýanynda çagalar goşgy okadylar, joşgunly tanslary, eziz Watanymyzy, döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerini wasp edýän, şeýle-de Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Dabaranyň ahyrynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza bagtyýar çagalyk, şeýle hem özleri barada edilýän yzygiderli alada üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlaryny, gutlaglaryny aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Döwletliler köşgüniň okuwçylaryna Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara sowgatlar gowşuryldy
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
Täze ýylyň şanyna baýramçylyk dabarasy
Türkiýäniň Prezidentine türkmenistanly çagalar türkmen tahýasyny we dutar sowgat berdiler