Döwrebap bank hyzmatlary

Döwrebap bank hyzmatlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek bilen, ýurtda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ähli ykdysady pudaklary sanlylaşdyrmak hem-de bank ulgamynyň işine döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak wezipeleri durmuşa geçirilýär.

Bank hyzmatlarynyň esasy ugry bolan bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge aýratyn orun degişlidir.Nagt däl hasaplaşyk tehnologiýalary bütin dünýäde birnäçe onýyllygyň dowamynda halk köpçüligi üçin bank hyzmatlarynyň ygtybarly, netijeli görnüşi bolup gelýär we giňden peýdalanylýar.

Nagt däl hasaplaşyklar diýlip, nagt pullary ulanmazdan, karz edaralaryndaky hasaplar boýunça pul serişdelerini geçirmäge düşünilýär. Nagt däl hasaplaşyklar pul serişdeleriniň dolanyşygyny tizleşdirmekde, kadaly pul dolanyşygy üçin zerur bolan nagt pullaryň möçberini azaltmakda möhüm ykdysady ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça möhüm işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň milli bank ulgamyny ösdürmekde, ýokary hilli bank amallaryny ýerine ýetirmekde bellenen ugurlar boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.

Olaryň hatarynda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, önümçilik we sarp ediş maksatly karzlaryň möçberini artdyrmak, bank kartlary arkaly hereket edýän töleg ulgamlary bilen halkara ulgamlarynyň birikdirilmegi boýunça işleri geçirmek, bank kartlarynyň kömegi bilen harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri nagt däl görnüşinde amala aşyrmaga mümkinçilikleri giňeltmek ýaly işleri görkezmek bolar.

Döwrebap bank hyzmatlarynyň görnüşleriniň biri hem Maşgala bank karty hyzmatydyr.Maşgala bank karty Altyn asyr bank kartynyň hasabyna birikdirilmek bilen, müşderiniň islegine baglylykda, maşgalanyň her bir agzasyna, şol sanda 7 ýaşdan uly bolan çagalara açylyp bilner.

Müşderiniň arzasy ýa-da Internet-bank hyzmaty arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin aýratynlykda hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitlemäge mümkinçilik döredilen.Maşgala bank karty çagalara we talyplara gerekli okuw esbaplaryny we beýleki harytlary satyn almaga, söwda we dynç alyş nokatlarynda hasaplaşyklary geçirmäge, Internet-bank we Mobil-bank hyzmatlary arkaly karzlaryň göterimini we esasy bergisini tölemäge, telefon, öýjükli telefon, IP-TV we internet hasabyny doldurmaga, bank kartynyň galyndysyny bilmäge amatly mümkinçilikleri berýär.

Bank kartlarynyň gündelik durmuşymyzda ulanyşa girizilmegi bilen, birnäçe ýagdaýda wagtymyzy tygşytlamaga şert döreýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan maliýe we bank ulgamyndaky özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilendir.

Berdi MYRATNIÝAZOW,

Türkmenistanyň Daýhanbank döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň esasy hünärmeni.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/12805

Ýene degişli makalalar

Döwrebap şertler we mümkinçilikler
Cash back bank hyzmaty täzeçilligiň döwrebap nusgasy
Nagt däl hasaplaşyklaryň döwrebap mümkinçilikleri
Elektron töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi
Sanly bank hyzmatlary kämilleşdirilýär
Aşgabatda 2 sany täjirçilik banklarynyň täze binalary açyldy