Cash back bank hyzmaty täzeçilligiň döwrebap nusgasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 20112030-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyna, Türk-menistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda netijeli pul-karz syýasatyny alyp barmak, maliýe bazaryny düýpli ösdürmek, bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak, pul-karz dolanyşygynyň ýagdaýyna täsir etmek arkaly bazar isleglerini kanagatdyrmak, ilatyň erkin pul serişdelerini bank ulgamyna möhletli we talap edilýänçä görnüşindäki goýumlara çekmek, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek babatynda anyk wezipeler durmuşa geçirilýär.

Müşderiniň islegi ähli zatdan öňde ýörelgesi bank ulgamyny üstünlige eltýän ýoldur.Müşderiniň hoşallygy, bankyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda özüniň bäsdeşlerini ýeňip geçmekde hem esasy gural hasaplanylýar.Banklar müşderileriň dürli görnüşli isleglerini anyklamaga we kämil tehnologiýalary peýdalanmak arkaly üpjün etmäge borçludyr.

Sebäbi, bank hyzmatlarynyň hilini kesgitleýän Internet-bank, Mobil-bank, QR-kod hyzmaty, Galtaşyksyz töleg, Cash back ýaly täze önümler bank işjeňliginiň esasy görkezijileri bolup durýar.

Cash back (iňlisçe cash nagt, back yzyna, ýagny yzyna nagt gaýtarmak) bank hyzmaty, bu bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklar geçirilende müşderiniň bank kartynyň hasabyna tölenilýän pul sylagy bolup durýar.

Cash back hyzmatynyň daşary ýurt tejribesinde banklar, iri söwda we hyzmat ediş guramalary hem-de banklaryň söwda guramalary bilen bilelikde işläp taýýarlanýan görnüşleri tapawutlandyrylýar.

Cash back hyzmaty bank tarapyndan ornaşdyrylanda müşderiniň hasabyna bellenen göterimler boýunça degişli pul sylagy geçirilýär.

Cash back hyzmaty ilkinji gezek ABŞ-da 1980-nji ýyllarda, Russiýa Federasiýasynda 2006-njy ýylda, Belarussiýada 2016-njy ýylda, Gazagystanda 2017-nji ýylda (0,5-1,3 göterim aralygynda), Özbegistanda 2017-nji ýylyň ahyrynda (Hi-Tech Bank tarapyndan) hereket edip başlady.

Cash back bank hyzmaty soňky on bäş ýylyň dowamynda dünýäniň maliýe we ykdysady taýdan ösen ýurtlarynda has giňden ýaýrady.Häzirki wagtda bu bank hyzmaty maliýe we ykdysady taýdan ösen ýurtlarynda geçirilýän amallara görä 1 göterimden (gündelik zerurlyklar, jemagat hyzmatlary we ş.m.

tölegler üçin) başlap, 10 göterime (awtomobil ulagy, gozgalmaýan emläkleri, şol sanda, ýaşaýyş jaýlary satyn almak we ş.m. üçin) çenli pul sowgady görnüşinde müşderiniň bank kart hasabyna geçirilýär.

Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasy, Belarussiýa, Gazagystan ýaly ýurtlaryň iri banklary tarapyndan hyzmatlaryň görnüşine baglylykda bellenen pul sylagy gaýtarylýan ýörite Cash back bank kartlary hereket edýär.

Cash back bank hyzmatynyň banklar üçin amatly taraplaryna: täze müşderileriň ünsüni çekmek, bar bolan müşderiler bilen gatnaşyklary has-da berkitmek; nagt pul dolanşygyna hyzmat etmek we pulhana amallary bilen baglanyşykly çykdajylary aradan aýyrmak; pul aýlanyşygynyň tizligini ýokarlandyrmak; ilaty nagt däl hasaplaşyklardan peýdalanmaga höweslendirmek; bankyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyplylygy artdyrmak we beýlekiler.

Cash back bank hyzmatynyň raýatlar üçin amatly taraplaryna: nagt däl görnüşinde geçirilýän amallar üçin yzyna pul sylagynyň gaýtarylmagy; pul serişdelerini saklamak, daşamak bilen bagly aladalaryň aradan aýrylmagy; pul serişdeleriniň tygşytlanylmagy, goşmaça girdeji çeşmeleriniň emele gelmegi; hyzmatlaryň ýeňilligi (töleg terminallary, Internet-bank, Mobil-bank hyzmatlary arkaly), tizligi we beýlekiler degişlidir.

Cash back bank hyzmatynyň döwlet üçin amatly taraplaryna bolsa şular degişli hasaplanylýar: nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek; pullary ýasamak, daşamak we saklamak boýunça çykdajylary tygşytlamak; pul serişdeleriň hereketine geçirilýän gözegçiligi berkitmek; pul serişdeleriň ýitirilmegi we galplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly hadysalaryň öňüni almak; resmi däl pul dolanyşygynyň öňüni almak; salgyt tölemekden sowulyp geçmeleri aradan aýyrmak; bazarda has köp isleg bildirilýän harytlary we hyzmatlary anyklamak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletlerini derejesinde gurnamak we beýlekiler.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek, şeýle hem, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, raýatlaryň Altyn asyr bank kartlaryna Cash back bank hyzmatyny birikdirmek boýunça degişli işler ýokary depginde alnyp barylýar.

Hyzmata laýyklykda, nagt däl görnüşinde geçirilýän ähli bank amallaryna degişlilik-de 0,5-2 göterim möçberinde pul sylagy görnüşinde yzyna gaýtarmaklyk göz öňünde tutulan.Käbir banklar tarapyndan bolsa ýokary göterim derejesi bolan ýörite Cash back bank hyzmatyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Pul sylaglaryny degişlilikde her aýyň soňundan gelýän aýyň 5-ne çenli müşderileriň bank kartlaryna geçirmek göz öňünde tutulan.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ilatyň Altyn Asyr bank kart hasaplaryndaky galyndy pul serişdelerine ýyllyk azyndan 5 göterim möçberinde girdeji hasaplanylýar we tölenýär.Bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklar geçirilende ähli amallaryň degişlilikde 0,5-2 göterim möçberinde Altyn Asyr bank kartlaryna pul sylagy görnüşinde yzyna gaýtarylýar.

Emma pul serişdeleri kartdan nagt alnanda bank ýygymy tutulyp galynýar.Mysal hökmünde aýda takmynan 1500 manat kartdan nagt çekilende 12,90 manat bank ýygymy tutulýar.Nagt däl hasaplaşyklarda beýle ýitgi döremeýär, onuň tersine bank ulgamy tarapyndan hödürlenilýän Cash back hyzmaty arkaly pul sylagy gowşurylýar. Ýagny, 1500 manat kartdan nagt däl hasaplaşyk geçirilende (1 göterim göz öňünde tutulan halatynda) 15 manat müşderiniň kart hasabyna yzyna gaýtarylýar.

Tygşytlynyň rysgy artar diýlişi ýaly hödürlenýän bank hyzmatlaryndan ýerlikli peýdalanylmagy ilatyň pul serişdeleriniň tygşytlanylmagyna oňaýly täsirini ýetirer.

Umuman, Cash back bank hyzmatynyň işjeň ornaşdyrylmagy, tölegleri nagt däl görnüşinde geçirmäge isleg bildirýän raýatlaryň sanynyň yzygiderli artmagyna, netije-de töleg terminallarynyň eýeleri bolan telekeçileriň şeýle görnüşli hyzmatlary işjeňleşdirmegine itergi berer.

Şeýle hyzmatlaryň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy we ilatyň bu hyzmatlardan peýdalanmaga işjeň gatnaşmagy kart eýeleriniň wagtyny we maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik bermek bilen, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly işine hem oňaýly goşant goşar.

Dünýä ösüşiniň häzirki şertlerinde ýurdumyzy mundan beýläk-de gülläp ösüşiň mekanyna öwürmek wezipesinden ugur alýan döwlet strategiýasynda sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige aýratyn ähmiýetiň berilmeginde uly many bar. Çünki sanly ykdysadyýet ösüşiň täze hiline geçmäge, milli ykdysady ösüşiň çaltlanmagyna, ilata hödürlenýän sanly hyzmatlaryň görnüşleriniň artmagyna mümkinçilik berýändigi bilen häsiýetlenýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan bank ulgamyndaky özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş durmuş derejelerini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge gönükdirilendir.

Dünýägözel Haýytowa, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni

Ýene degişli makalalar

Türkmen manady milli ykdysadyýetimizi berkitmegiň wajyp guraly
Elektron resminama dolanyşygy: sanly bank hyzmatlarynyň kanunçylyk esaslary
Nagt däl hasaplaşyklar ulgamy - döwrüň möhüm talaby
Döwrebap bank hyzmatlary
Nagt däl hasaplaşyklaryň döwrebap mümkinçilikleri
Elektron töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi