Nagt däl hasaplaşyklaryň döwrebap mümkinçilikleri

Nagt däl hasaplaşyklaryň döwrebap mümkinçilikleri

Bank ulgamyny döwrebap ösdürmekde aýratyn orunlaryň biri nagt däl hasaplaşyklara degişlidir. Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boyunça ençeme işler geçirilýär.

Ýurdumyzyň karz edaralary ylmyň iň soňky gazanan üstünliklerini we döwrebap usullaryny peýdalanyp, raýatlarymyza bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrylýan nagt däl hasaplaşyklaryň giň mimkinçiliklerini hödürleýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň giňden ulanylmagy we bank kartlarynyň hyzmatlarynyň köpeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine hem oňyn täsirini ýetirýär.

Bank kartlary nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, olar jemgyýetimize giňden ornaşdyryldy.Ilatyň döwlet kömek pullary, pensiýalar, zähmet we talyp haklary degişlilikde olaryň Altyn Asyr, Millikart bank kartlaryna geçirilýär. Ýurdumyzyň karz edaralary we olaryň ähli şahamçalary tarapyndan raýatlaryň Altyn Asyr we Millikart bank kart hasaplaryndaky galyndy pul serişdelerine ýyllyk azyndan 5 göterim hasaplanylýar we tölenilýär.

Bu amatlylyklar raýatlarymyza goşmaça girdeji çeşmesini emele getirmäge ýardam berýär.

Bank kartlary arkaly ýerine ýetirilýän hasaplaşyklaryň ýene bir görnüşi Maşgala bank kartydyr.Maşgala bank karty Altyn Asyr ýa-da Millikart bank karty hasabyna birikdirilmek bilen, müşderiniň islegine baglylykda maşgalanyň agzalaryna, şol sanda ýedi ýaşdan uly bolan çagalara açylyp bilner.

Müşderiniň arzasy ýa-da Internet-bank ulgamy arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin aýratynlykda hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitlemäge mümkinçilik döredilendir.Maşgala bank karty çagalara we talyplara gerekli okuw esbaplaryny we beýleki harytlary satyn almaga, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda hasaplaşyklary geçirmäge, Internet-bank we Mobil-bank ulgamlary arkaly karzlaryň esasy bergisini gaýtarmaga we hasaplanylan göterimi tölemäge, öý telefon, öýjükli telefon, IP-TV we internet hasabyny doldurmaga we bank kartynyň galyndysyny bilmäge amatly mümkinçilikleri döredýär.

Bank ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň netijesinde müşderilere hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, sanly ulgamda hyzmatlaryň Internet-bank, Mobil-bank, Elektron söwda, Galtaşyksyz töleg ýaly täze, döwrebap görnüşlerini durmuşa ornaşdyrmaga ýardam berilýär.

Karz edaralary tarapyndan berilýän dürli görnüşli karzlaryň esasy bergilerini gaýtarmak we olara hasaplanylan göterimleri tölemek, aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölenilýän tölegleri tiz we amatly usulda tölemek ýaly hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin Internet-bank we Mobil-bank hyzmatlary uly ähmiýete eýedir.

Internet-bank we Mobil-bank hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan islegini kanagatlandyrmaga, pul geçirimlerini tizleşdirmäge, netijede ilatyň gymmatly wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Altyn Asyr bank kartynyň eýeleri öz hyzmat edýän banklarynyň internet sahypalary arkaly bank kartlaryny Internet-bank hyzmatyna özbaşdak birikdirip bilýär.

Nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen ýurdumyzyň Halkbank paýdarlar täjirçilik banky Halkbank terminal atly täze hyzmaty ornaşdyrdy.Halkbank terminal döwrebap, ygtybarly tehnologiýalaryň esasynda taýýarlanylan hem-de nagt däl hasaplaşyklarda ulanylýan adaty töleg terminalynyň ornuny tutýan mobil programma üpjünçiligi bolup durýar.

Bu hyzmat söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallarynyň eýeleriniň öz müşderilerine sanly ulgamda galtaşyksyz, goragly esasda hyzmatlary ýerine ýetirmäge döredilýän nobatdaky mümkinçilik bolup durýar.

Halkbank terminal mobil ulgamy ykjam telefona gurnalmak bilen, harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri kabul etmek, amaly ýatyrmak ýa-da yzyna gaýtarmak, kassany ýapmak we söwdanyň jemi möçberini çykaryp görkezmek, amallaryň taryhyny görmek ýaly hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň karz edaralarynyň netijeli işjeňligi bolsa her bir bankyň ösüş derejesinden, häzirkizaman bank önümlerini ulanmagyndan we müşderiler tarapyndan ýokary islegden peýdalanýan hyzmatlaryň köpsanly görnüşlerini ýerine ýetirmekden ybarat bolup durýar.

Farhad ABDULLAÝEW,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň hukuk işleri boýunça baş hünärmeni.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21269

Ýene degişli makalalar

Türkmen manady milli ykdysadyýetimizi berkitmegiň wajyp guraly
Nagt däl hasaplaşyklar ulgamy - döwrüň möhüm talaby
Elektron resminama dolanyşygy: sanly bank hyzmatlarynyň kanunçylyk esaslary
Cash back bank hyzmaty täzeçilligiň döwrebap nusgasy
Döwrebap bank hyzmatlary
Elektron töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi