Elektron resminama dolanyşygy: sanly bank hyzmatlarynyň kanunçylyk esaslary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna, Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetimize sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk babatynda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak boýunça anyk wezipeler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna laýyklykda milli ykdysadyýetimizi maksatnamalaýyn ösdürmeklige gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bank işjeňligi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guralýar.

Bank ulgamynda sanly maglumat tehnologiýalaryny işjeň ulanmak, elektron resminama dolanyşyk ulgamyny kämilleşdirmek, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, kiberhowplara garşy durmak we beýleki ugurlar boýunça zerur bolan enjamlary, programma üpjünçiliklerini satyn almak we ulgama giňden ornaşdyrmak, şeýle hem dünýäniň ösen döwletleriniň iş tejribesinden peýdalanmak arkaly hünärmenleri taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Maksatnamanyň häzirki (2020-2023-nji ýyllar) tapgyryna laýyklykda milli ykdysadyýetimize innowasion maglumat aragatnaşyk tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar, hyzmatlaryň dürli görnüşleriniň bir ýerde jemlenen köpugurly Bir penjire ulgamynyň maglumatlary toplaýyş, işleýiş we goraýyş milli maglumat merkezini döretmek hem-de bu ulgamyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda ýurdumyzyň bank ulgamyna sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň 2019-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň esasynda amala aşyrylýar. Konsepsiýa laýyklykda öňde goýlan wezipeler maglumat-aragatnaşyk, şol sanda internet hyzmatlarynyň hiliniň we ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagyny, maglumat üpjünçilik ulgamynyň ösdüril-megini, adamyň aň-bilim mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagyny talap edýär.

Bank ulgamyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň esasy maksady has köp zähmeti talap edýän işleri awtomatlaşdyryp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini we dessinligini artdyrmakdan, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmekden, netijeliligini, dürslügini, takyklygyny we netijede bolsa hilini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar.

Ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda ornaşdy-rylýan maglumat ulgamlaryna bank hyzmatlary bilen bagly meseleler boýunça utgaşykly işler ýola goýulýar, täze tehnologiýalara esaslanýan hyzmatlary etmegiň gerimi giňeýär. Ýurdumyzda umumy pul dolanyşygynda nagt däl tölegleriň möçberini artdyrmak we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär.

Bank ulgamynda müşderileriň gymmatly wagtyny we serişdelerini tygşytlaýjy ykjam bank tehnologiýalarynyň ägirt uly mümkinçilikleri bar.Türkmenistanyň bank ulgamynda ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalar, müşderileriň talaplaryny kanagatlandyrmaga we bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlarymyza döwrebap, kämil derejede hyzmat etmek, geçirilýän hasaplaşyklary tizleşdirmek, nagt pul dolanyşygynyň mukdaryny ep-esli azaltmak maksady bilen dürli görnüşli bank kartlaryny ýasamak, oňa hyzmat etmek işine yzygiderli maýa goýum serişdeleri goýulýar, ilata Internet-bank, Mobil-bank, Elektron söwda, Galtaşyksyz töleg ulgamlary arkaly ýerine ýetirilýän amallaryň sany artdyrylýar, hili ýokarlandyrylýar.

Internet-bank we Mobil-bank hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, şol sanda, pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge hem-de çaltlaşdyrmaga, hasaplaşyklar geçirilende wagty tygşytlamaga oňaýly şert döredýär.

Hormatly Prezidentimiz sanlylaşdyrmagy milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaýyn meselelerini çözmegiň möhüm ugry hökmünde kesgitledi.Sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady iş bolup durýar.Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, sanly ykdysadyýet olara öňe ilerlemäge we dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berýär.

Munuň özi ýurdumyzda ýola goýlan maliýe gatnaşyklary sanly tehnologiýalaryň üsti bilen amal etmekligi, töleg ulgamynda hasaplaşyk resminamalarynyň görnüşlerini kämilleşdirmekligi, şeýle hem jemgyýetiň, hökümetiň we işewürligiň bir wagtda sanlylaşdyrylmagyny şertlendirýär. Şu jähtden hem, sanly ykdysadyýetiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we berkitmek möhüm hasaplanylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk ýagdaýy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň mart aýynda Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.Bu Kanun jemi 58 maddadan ybarat bolup, elektron resminamalaryň, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Kanunyň hereketi elektron resminamalar döredilende, işlenip taý-ýarlanylanda, iberilende, berlende, alnanda, saklanylanda, peýdalanylanda, goralanda, täzelenende, gözlenende, ýygnalanda, ýaýradylanda, gabalanda, ýok edilende hem-de sanly hyzmatlar bilen bagly ýüze çykýan gatnaşyklara degişlidir.

Elektron resminama diýlip,şu Kanunyň maksatlary üçin maglumat tehnologiýalary esasynda elektron görnüşde taýýarlanylan, özündäki habar elektron maglumat görnüşinde bellenen, elektron maglumat göterijide elektron sanly şekilde berlen, mazmunly we elektron sanly gol arkaly hakykylygy tassyklanylan resminamalara düşünilýär.

Kanuna laýyklykda elektron resminama aýrylmaz iki bölekden - umumy we aýratyn böleklerden ybaratdyr.Elektron resminamanyň umumy bölegi resminamanyň mazmunyny düzýän maglumatlardan, aýratyn bölegi bolsa bir ýa-da birnäçe elektron sanly gollardan ybaratdyr.

Elektron resminamalary işläp taýýarlamaga, ibermäge, almaga, saklamaga, peýdalanmaga, goramaga, täzelemäge, gözlemäge, ýygnamaga, ýaýratmaga, we beýleki amallara gatnaşýan döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň gaýry ýuridik we fiziki şahslary elektron resminama dolanyşygynyň subýektleridir.

Kanunyň 11-nji maddasynda elektron resminamalaryň goragy kepillendirilýär. Ýagny, elektron resminamany ýok etmek, görnüşini üýtgetmek, ýoýmak, nusgasyny almak, gabamak maksady bilen rugsatsyz täsir edilmeginiň, aýan edilmeginiň we goralýan maglumatlaryň elýeterli bolmagynyň öňüniň alynmagyny kepillendirmäge mümkinçilik berýän goragyň Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan zerur derejesini berjaý etmek bilen, elektron tehniki we maglumat-aragatnaşyk serişdeleriniň kömegi arkaly döredilýär, işlenip taýýarlanylýar, saklanylýar we berilýär.

Elektron resminama dolanyşygyny amala aşyrmagyň çäklerinde onuň taraplary üçin elýeterli bolan ähli şahsy maglumatlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, şahsy maglumatlaryň ýaşyrynlygyny saklamagyň zerur kepillikleri bilen goralmalydyr.

Döwlet syrlaryna degişli maglumatlary ýa-da goragy döwlet tarapyndan kepillendirilýän maglumatlary özünde saklaýan elektron maglumat ulgamlary, bu babatdaky işi düzgünleşdirýän ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda döwlet seljermesine degişlidir.

Elektron resminama dolanyşygy ulgamynda sanly goldan peýdalanmak üçin niýetlenen elektron sanly goluň serişdeleriniň kriptografik gorag serişdeleri hakynda Türkmenistanyň degişli kanunçylygynda bellenilen tertipde sertifikatlaşdyrylan bolmalydyr.Elektron sanly gol bu elektron sanly goluň şahsy açaryndan peýdalanyp, deslapky maglumatlary belli bir kriptografik özgertmegiň netijesinde alnan we elektron sanly goluň açyk açaryndan peýdalanylanda, şol maglumatlaryň degişliligini, hakykylygyny hem-de bitewüligini tassyklamaga mümkinçilik berýän, elektron resminamanyň rekwiziti bolup durýan elektron sanly nyşanlaryň yzygiderliligini aňladýar.

Döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň töleg almazdan amala aşyrylýan sanly hyzmatlarynyň sanawy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kesgitlenilýär, ýörite internet sahypalary döredil-ýär we sanly hyzmatlar ýerine ýetirilýär. Sanly hyzmatlar elektron görnüşde ýerine ýetirilende subýektler şahsy maglumatlarynyň aýan edilmezligini gazanmaga hem-de hyzmatlaryň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmäge borçludyrlar.

Ýurdumyzyň karz edaralary bilen müşderileriň arasynda sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly elektron töleg ulgamynda ulanylýan hasaplaşyk resminamalarynyň görnüşlerine bildirilýän talaplar babatynda hereket edýän hukuknamalary kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2009-njy ýylyň 24-nji fewralynda 483 san bilen bellige alnan Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar hakyndaky Düzgünnama üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Düzgünnama Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda çykaran 176-iş belgili buýrugy bilen tassyklanyldy hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 13-nji iýulynda 1355 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

Girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda müşderiniň (töleýjiniň) elektron görnüşindäki hasaplaşyk resminamasyny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplara we bank hasabynyň şertnamasyna laýyklykda resmileşdirmäge, elektron gol bilen üpjün etmäge hem-de elektron usulda banka ugratmaga, geçirilen tölegleri tassyklamaga, şol sanda degişli karz edarasynyň resmi internet sahypasyndan ýörite şertli belgileriň kömegi bilen ibermäge mümkinçilik döredildi.

Elektron hasaplaşyk resminamalarynyň rekwizitleriniň mazmunyna onuň dogrulygyny tassyklap gol çeken, sanly goluň eýesi jogapkärçilik çekýär.

Nagt däl görnüşinde geçirilen tölegleriň hasaplaşyk resminamalary degişli bank tarapyndan elektron görnüşinde resmileşdirilýär, kabul edilýär hem-de deslapky barlag geçirilýär. Üstünlikli geçen barlagdan soňra bank, töleg tabşyrygynyň ýagdaýy hem-de kabul edilen senesi baradaky maglumaty elektron usulda töleýjä ugradýar.

Elektron hasaplaşyk resminamasy üçin pul serişdeleriniň ýeterlikliligi degişli bank tarapyndan awtomatik usulda barlanylýar.Degişli sebäplere görä amal ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda bank bu barada elektron ulgam (SMS habary, elektron poçta we ş.m.) arkaly töleýjä habar berýär.

Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar hakyndaky Düzgünnama girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, geçirilýän elektron tölegleriň menzilara (banka barmazdan) ýerine ýetirilmegini üpjün eder, bu bolsa öz gezeginde internet ulgamyndan peýdalanmak arkaly talap edilýän resminamalaryň sanawyny azaltmaga şert döreder, netijede bolsa harajatlaryň we sarp edilýän gymmatly wagtyň tygşytlan-magyna hem-de amallaryň öz wagtynda geçirilmegine ýardam berer.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmakda ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Dünýägözel HAÝYTOWA, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines awiapetekleri bronlamagyň dürli usullary barada habar berýär
Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 12,87 milliard manatdan geçdi
Türkmen manady milli ykdysadyýetimizi berkitmegiň wajyp guraly
Döwrebap şertler we mümkinçilikler
Aşgabatda 2 sany täjirçilik banklarynyň täze binalary açyldy
Sanly bank hyzmatlary kämilleşdirilýär
Elektron töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi