Çuňňur hormatlanylýan Türmenistanyň Prezidenti!
Sizi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda, milli pulumyzyň manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna iberen çuňňur many-mazmuna ýugrulan Gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys!
Siziň parahatçylyga, ösüşe hem-de dostluga gönükdirilen oýlanyşykly we maksatnamalaýyn döwlet syýasatyňyzyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde abadançylygyň, asudalygyň, agzybirligiň ýurdy hökmünde giňden tanalýar.
Siziň ýakyndan goldawlaryňyz bilen, ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, bank ulgamynda hem ägirt uly işler amala aşyrylýar, öňde goýlan beýik maksatlara ýetilýär, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasaty netijeli alnyp barylýar.
Belent mertebeli Gahryman Prezidentimiz!
Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlary esasynda hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiz, Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda dowam etdirilýän, ylmy taýdan esaslandyrylan, uzak geljegi nazarlaýan maliýe-ykdysady, pul-karz syýasatyňyz netijesinde, milli töleg ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, bank işiniň dürli ugurlary döwrebaplaşdyrylýar, ulgama dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň iş tejribesi we täzeçil usullary giňden ornaşdyrylýar hem-de nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek we banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Sanly ulgamda Internet-bank, Mobil-bank, Elektron söwda, Galkynyş töleg, Halkbank terminal, Sanly kart, Sanly karz, Sanly töleg, Menzilara bank, Owerdraft, VISA Virtual ýaly bank amallaryny giňden ornaşdyrmakda uly üstünlikler gazanylýar.
Ýurdumyzyň karz edaralarynda ýuridik tarap bolan müşderilere internet ulgamy arkaly bank hasaplaryny dolandyrmak we töleg geçirimlerini özbaşdak amala aşyrmak mümkinçiligi ýola goýuldy.Halkara VISA we MasterCard bank kart hasaplaryny onlaýn görnüşde doldurmaga mümkinçilik berýän sanly töleg ulgamlary işe girizildi.
Banklaryň işini kämilleşdirmek, erkin pul serişdelerini netijeli dolanyşyga çekmek, hasaplaşyklaryň döwrebap we ygtybarly usullaryny ornaşdyrmak hem-de ulgamlaýyn innowasion ösüşi üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň uzak möhletleýin durnukly ösüşini üpjün etmekde ykdysadyýetiň maliýe böleginiň hem-de pul-karz syýasatynyň kämilleşdirilmegi, milli puluň hümmetiniň berkidilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, bank ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, bank işjeňliginiň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin berilýän ýeňillikli karzlaryň, sarp ediş karzlarynyň, ýaş maşgalalara olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin berilýän ýeňillikli karzlaryň, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara berilýän Talyp karzy bank karzlarynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ýurdumyzda geçirilýän şanly baýramçylyklara bagyşlanyp, ilata hödürlenilýän ýokary amatlyklary bolan möhletli goýumlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de töleg ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin döredýän ähli şertleriňiz hem-de mähirli Gutlagyňyz üçin, Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekde hoşallygymyzy bildirýäris.Türkmenistanyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmakda we abraýyny ýokarlandyrmakda, bank ulgamynyň innowasion häsiýetli ösüşini üpjün etmekde, halkara maliýe guramalary, sebitleýin ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmekde, ykdysady taýdan ähmiýetli pudaklary karzlaşdyrmagy kämilleşdirmekde öňümizde goýýan wezipeleriňizi üstünlikli amala aşyrmak ugrunda gujur-gaýratymyzy gaýgyrmajakdygymyza Sizi ynandyrýarys.
Gahryman Prezidentimiz! Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, belent başyňyz aman bolsun, ata Watanymyzyň asudalygy, il-günümiziň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleriňiz mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleri.
"Türkmenistan" gazeti, 03.11.2025