Türkmenistanda “Rysgal” bankyň taýýarlan “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlary ulanyşa giriziler

Türkmenistanda “Rysgal” bankyň taýýarlan “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlary ulanyşa giriziler

Türkmenistanda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan işlenip taýýarlanan “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlary ulanyşa giriziler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan işlenip taýýarlanan “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlaryny ulanyşa girizmek baradaky teklibi hödürläp, olaryň mümkinçilikleri barada habar berdi

Türkmenistanyň döwlet Baştutany “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurtda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti töleg ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmagyň zerur bolup durýandygyny belledi we hödürlenen teklibi goldap, wise-premýere “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň şahsy taraplar üçin niýetlenen döwrebap bank hyzmatlarynyň ulgamlaryny ulanyşa girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Ýene degişli makalalar

Halkbank PTB: Kartdan karta pul geçirmek hyzmaty ýola goýuldy
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy, Halkbank kartdan karta pul geçirmek hyzmatyny ýola goýdy, Burak Özçiwit Aşgabatda geçiriljek film festiwalyna gatnaşar we beýleki habarlar
"Rysgal" PTB-niň şahsy taraplar üçin niýetlenen “Internet bank” we “Mobil bank” ulgamlary ulanyşa giriziler
20-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýuridiki şahslar we telekeçiler üçin Internet-banking hyzmatyny hödürleýär
01.01.2021 | Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek: ýylyň gazananlary hem-de geljek ýyl üçin wezipeler