Halkbank PTB: Kartdan karta pul geçirmek hyzmaty ýola goýuldy

Halkbank PTB: Kartdan karta pul geçirmek hyzmaty ýola goýuldy

Türkmenistanyň Halkbank paýdarlar täjirçilik banky müşderiler üçin bir Altyn asyr bank kartyndan başga bir Altyn asyr bank kartyna pul geçirimlerini amala aşyrmak hyzmatynyň elýeterli bolandygyny habar berýär.

Bu hyzmatdan peýdalanmak bilen, bankyň müşderileri bankomatlaryň, Internet-bank hem-de Mobil-bank hyzmatlarynyň üsti bilen birek-biregiň Altyn asyr bank kartyna bir aýyň dowamynda 1000 (bir müň) manatdan ýokary bolmadyk möçberde pul geçirip bilýärler.

Kartdan karta pul geçirmek zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda degişli görnüşdäki bank kartlaryny ulanýan raýatlar mobil goşundydan peýdalanyp, smartfonlary arkaly islendik ýerde onlaýn görnüşde pul geçirimlerini ýerine ýetirip bilýärler.

Hyzmatlar barada has giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgileri: +99312 44 48 37; +99312 44 49 27.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy, Halkbank kartdan karta pul geçirmek hyzmatyny ýola goýdy, Burak Özçiwit Aşgabatda geçiriljek film festiwalyna gatnaşar we beýleki habarlar
Türkmen manady milli ykdysadyýetimizi berkitmegiň wajyp guraly
Türkmenistanda “Rysgal” bankyň taýýarlan “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlary ulanyşa giriziler
Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 11,4 milliard manatdan geçdi
Halkbank PTB mobil banking ulanyjylary boýunça Türkmenistanda öňdeligi eýeledi
Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy ýarym ýylda 9,89 milliard manatdan geçdi