Döwrebap kitaphana açyldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Muhammed bin Raşid al Maktum öz adyny göterýän iri kitaphana toplumyny açdy.Kitaphanada dürli eserleriň giň toplumy iň häzirki zaman ýedi gatly binada ýerleşdirildi, ony gurmak üçin 272 million dollar sarp edildi.

Täze kitaphana Pars aýlagynyň kenarlarynda medeni şamçyrag boljakdygy habar berilýär.Dabarada eden çykyşynda Dubaýyň häkimi ýaş nesiller üçin medeni we intellektual merkeziň açylýandygyny, onuň kömegi bilen okamagyň wagyz ediljekdigini, bilimiň ýaýradyljakdygyny, alymlaryň we ylym işgärleriniň goldanyljakdygyny belledi. Biziň maksadymyz adam aňyny nurlandyrmakdan ybaratdyr diýip, Muhammed bin Raşid al Maktum nygtady.Dubaýyň kitaphana merkezinde arap we daşary ýurt dillerindäki bir milliondan gowrak çap we sanly neşirler, 6 milliondan gowrak dissertasiýa, 73 müň töweregi saz eserleriniň kitaby, 75 müň sany wideoşekil, 13 müň töweregi sanlylaşdyrylan ylmy makalalar, soňky 325 ýylda neşir edilen 5 müň töweregi taryhy we sanly sebit žurnallary, bütin dünýäden 35 müň töweregi çap hem-de sanly gazet-žurnallar, şeýle-de 500 sany seýrek gymmatlyklar ýygnaldy.

Olga BUKINA,Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Neşirleri toplamak we işlemek bölüminiň müdiri.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Serdar Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Birleşen Arap Emirliklerine täze Prezident saýlandy
Dubaýda sebitde iň uly döwrebap kitaphana açyldy
Arap döwletleri Serdar Berdimuhamedowy gutladylar