Döwrebap ýyladyşhana ulanmaga berildi

Döwrebap ýyladyşhana ulanmaga berildi

Balkan welaýatynyň Nurly meýdan daýhan hojalygynyň önümçilik çäginde döwrebap ýyladyşhananyň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Oňa Balkan welaýat we Bereket etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, telekeçiler, şeýle hem ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Täze ýyladyşhanany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Nurly umman hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Oňa Niderlandlaryň, Türkiýäniň, Gresiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň döwrebap enjamlary ornaşdyryldy. Ýyladyşhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2 müň tonna pomidor öndürmäge niýetlenendir.

Belläp geçsek, Nurly meýdan daýhan hojalygy 2013-nji ýylda döredilip, şondan bäri hem ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürip gelýär.

Ýene degişli makalalar

Bereket etrabynda täze döwrebap ýyladyşhana açyldy
Döwrebap ýyladyşhanada 150-den gowrak adam zähmet çeker
Döwrebap ýyladyşhana ulanylmaga berildi
Paýtagtymyzda Agro Pack Turkmenistan — 2026 atly halkara sergi geçirilýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gresiýada 4 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi