Döwrebap ýyladyşhanada 150-den gowrak adam zähmet çeker

Döwrebap ýyladyşhanada 150-den gowrak adam zähmet çeker

Ýakynda Nurly meýdanyň önümçilik çäginde gurlan, gök önümler ösdürilip ýetişdirilýän döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy.Häzirki wagtda onda 150-den gowrak adamyň işlemegi üçin ähli amatly şertler bar.

Bu ýerde öndürilýän önümler diňe bir ýurdumyzyň çägine däl, daşary ýurtlara hem eksport ediler.Daýhan hojalygymyzyň täze ýyladyşhanasynyň tutýan meýdany 10 gektara barabar.Onuň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, tehniki-kömekçi desgalary guruldy. Ýyladyşhanany Nurly umman hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler.

Niderlandlaryň, Türkiýäniň, Gresiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň we beýleki ýurtlaryň innowasion tehnologiýalarydyr tehnikalary bilen üpjün edilen bu ýyladyşhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2 müň tonna pomidor öndürmäge niýetlenendir. Şu ýyl eýýämden ýyladyşhanada öňdebaryjy Ýewropa ýurtlaryndan getirilen pomidoryň saýlama tohumlarynyň ekilmegi aýratyn guwandyryjydyr.

“Nurly meýdan” daýhan hojalygy 2013-nji ýylda döredilip, şondan bäri hem oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürip gelýär.

Çeşme: “Türkmenistan” gazeti.

Ýene degişli makalalar

Döwrebap ýyladyşhana ulanmaga berildi
Bereket etrabynda täze döwrebap ýyladyşhana açyldy
Döwrebap ýyladyşhana ulanylmaga berildi
Paýtagtymyzda Agro Pack Turkmenistan — 2026 atly halkara sergi geçirilýär
MHM, 'täsirli adamlar' korrupsiýany 'täze belentliklere çykarýar'
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny