Dokma önümleriniň sergisi

Dokma önümleriniň sergisi

Düýn Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen serginiň ýapylyş dabarasy boldy.Döwletimiziň haly, söwda we dokma pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan iki günlük sergä ýurdumyzyň Hökümet agzalary, milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Onuň çäklerinde agzalan pudaklaryň, hususy telekeçileriň, önümçilik kärhanalarynyň ýokary hilli we täze önümleri tanyşdyryldy.Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we halkara bazarynda bäsdeşlige ukyply bu önümler sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Biz hem haly, söwda we dokma pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergide görkezilen käbir önümler bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy makul bildik.

Hususy telekeçilik — milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry

Ýurdumyzda telekeçilik bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilýär.Hormatly Prezidentimiz kiçi we orta telekeçiligi goldamak babatda birnäçe tabşyryklary berýär.Bu bolsa telekeçilik bilen meşgullanýan ähli raýatlary diýseň buýsandyrýar.

Döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, zähmet çekýän telekeçilerimiziň biri hem TSTB-niň agzasy, Ýaşlyk ýoly hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi, Watana bolan söýgüsi üçin medalynyň eýesi Haltäç Durdynazarowadyr.

Telekeçi zenan dürli ölçeglerdäki haly we haly önümleriniň, dokalan ýantorbalaryň, milli şaý-sepleriň, düýe ýüňünden we dagdan agajyndan sowgatlyk harytlaryň önümçiligi bilen meşgullanýar.Bu önümler nepisligi, daşky keşbiniň göze gelüwliligi bilen tapawutlanýar.

Esasan hem, el halylary alyjylarda uly gyzyklanma döredýär.Hususy kärhanada ýörite buýurmalar esasynda dürli göwrümli halylar dokalyp, olarda tebigatyň, janly-jandarlaryň keşpleri şekillendirilýär.Onuň meşhur önümleriniň biri hem güberçekli halylardyr.

Olarda dürli nagyşlar, guşlaryň we beýleki jandarlaryň şekilleri tapawutlandyrylyp ýerleşdirilýär.

Telekeçi zenan Haltäç Durdynazarowa haly dokamak we telekeçilik işi bilen 40 ýyldan gowrak wagt bäri meşgullanyp gelýändigini bize gürrüň berdi. Bu abraýly kesbi çagalaryna we agtyklaryna hem öwredip, Watana, halka hyzmat etmegiň, milli däp-dessurlarymyzy dowam etdirmegiň özi üçin iň uly bagtdygyny aýtdy.

AÝM — Aýmähri: milli lybaslaryň döwrebap biçüwi

2018-nji ýylda telekeçi zenan Nurjahan Täçmyradowa tarapyndan esaslandyrylan AÝM — Aýmähri modalar öýünde milli lybaslarymyz Ýewropa biçüwleri bilen döwrebaplaşdyrylýar. Şonuň esasynda hem gadymy nagyşlarymyzyň we bezeglerimiziň häzirki zaman ösüş meýilleri bilen sazlaşygy emele getirilýär.

AÝM haryt nyşany astynda müşderilere dürli biçüwlerdäki zenan geýimleri, milli nagyşlar bilen bezelen ykjam ýantorbalar hödürlenýär.Olar diňe bir owadanlygy bilen däl, eýsem, ýokary hili we bedene rahatlygy bilen tapawutlanýarlar.

Bu ýerde taýýarlanýan lybaslar keteni we wiskoza matalaryndan tikilýär. Dürli ululykdaky ýantorbalar zenanlaryň gündelik durmuşynda islendik maksat bilen ulanmaklary üçin niýetlenýär. Bu önümler sergä gatnaşan aýal-gyzlarda uly gyzyklanma döretdi. Munuň özi AÝM haryt nyşanly önümleriň geljekde hem has uly önümçiligi ýola goýjakdygyna esas berýär.

Modalar öýüniň esaslandyryjysy Nurjahan Täçmyradowa egin-eşikleriň döwrebap biçüwleri, dünýä tikinçilik sungaty bilen sazlaşygy gazanmak babatda uly tejribe toplapdyr. 2019-njy ýylda Nurjahan Täçmyradowanyň Ýylyň telekeçi zenany diýen derejä mynasyp bolmagy hem muny aýdyňlygy bilen subut edýär.

Mundan başga-da, telekeçi zenan özüniň döreden lybaslary bilen Italiýada we Fransiýada guralýan moda çykyşlaryna dowamly gatnaşýar.Bu bolsa milli egin-eşiklerimizi dünýäde tanatmak bilen abraýynyň has-da artmagyna ýardam berýär.

Milli tikinçilik sungatymyzyň ösmegine we baýlaşmagyna goşant goşýan telekeçi zenana biz hem öz adymyzdan sagbolsun aýdýarys.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ýokary hilli önümleri

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli Aşgabadyň Bahar tikin önümçilik birleşiginiň ýokary hilli egin-eşikleri bilen köpimiz tanyşdyrys.Bu kärhanada çagalar we ulular üçin ýokary hilli trikotaž, jins, keteni we ýüpek matalardan egin-eşikler öndürilýär.

Ussat dizaýnerler tarapyndan geýimler döwrüň talabyna laýyk gelýän nagyşlar bilen, çaga geýimleri bolsa dürli multfilmleriň gahrymanlary, reňkli nagyşlar, owadan güller we beýleki şekiller bilen bezelýär. Şeýle hem buýrujynyň islegine görä-de bezegler edilýär.

Bahar önümçilik birleşigi çagalar üçin mekdep egin-eşiklerini, dürli kärdäki işçiler we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümleriniň harby lybaslaryny öndürýär. Önümçilikde diňe ýerli çig maldan peýdalanylýar. Bu babatda tikin önümçilik birleşmesi ýurdumyzyň kärhanalary bilen hem hyzmatdaşlyk saklaýar. Olardan Ruhabat, Türkmenbaşy, Atamyrat Nyýazow adyndaky dokma toplumlaryny mysal getirmek bolar. Bu bolsa lybaslaryň ýokary hilini, rahatlygyny we elýeterliligini üpjün edýär.

Şu sergä Aşgabadyň Bahar tikin önümçilik birleşigi tomus pasly üçin niýetlenen geýimleri bilen gatnaşdylar. Olar agramynyň ýeňilligi we ýumşaklygy bilen tapawutlanýarlar. Şonuň üçin hem serginiň myhmanlary olar bilen içgin gyzyklandylar. Bu bolsa Baharyň öndürýän egin-eşikleriniň uly abraýa eýedigini äşgär edýär.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan ýene bir öňdebaryjy kärhanalaryň biri hem Aşgabadyň panbarhat fabrigidir.Fabrik 2008-nji ýylda döredilip, owadan we öwüşginli panbarhat matalarynyň dürli görnüşlerini öndürýär.

Matalaryň hili ýörite barlaghanalarda gözden geçirilýär.Bu bolsa kärhananyň önümleriniň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär. Şonuň netijesinde Aşgabat panbarhat fabriginiň öndürýän matalary özüniň ýumşaklygy we owadanlygy bilen beýleki kärhanalaryň matalaryndan tapawutlanýar. Önümçilikde 100% ýüpek we tebigy boýag peýdalanylýar. Şeýlelikde, olardan taýýarlanan lybaslar bedene ýakymly bolýar. Şonuň üçin hem fabrigiň öndürýän panbarhat matalary ISO halkara ülňülerine gabat gelýär.

Önümçilikde tejribeli hünärmenleriň, dizaýnerleriň döredijilikli zähmeti netijesinde matalarda milli nagyşlarymyz ussatlyk bilen şöhlelendirilýär.Olardan çyrpy güli, Aý güli, Ahal göli, pişme göli, goçak ýaly gadymy nagyşlarymyz bilen birlikde, döwrebap bedew güli, 8-nji Mart güli, ülje güli, kebelek güli, Aýly agşam, hürrem güli ýaly bezegler ýerleşdirilýär.

Bu bolsa alyjylaryň isleglerine görä, dürli görnüşdäki nagyşlary, bezegleri we reňkleri saýlap bolýandygyny aňladýar. Şonuň esasynda hem Aşgabadyň panbarhat fabriginiň müşderileriniň sany günsaýyn artýar.Elbetde, bu kärhananyň uly üstünligidir. Şeýle ajaýyp sergide kärhananyň önümleriniň ýaýbaňlandyrylmagy bolsa onuň daşary ýurtly alyjylarynyň hem has-da artjakdygyna güwä geçýär.

Dawut ASGAROW, Maýagözel MOMMALIÝEWA, Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,

Nesil.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30324

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmen döwlet uniwersiteti Slowakiýanyň Tehnologiýa uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
Haýsy önüm saglygymyza peýdaly?
Daşoguzda zenanlara bagyşlanan sergi açyldy