Dokma senagatynyň kärhanalary agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna lybaslaryň 1300-e golaýy toplumyny taýýarladylar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary Aşgabatda geçiriljek agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak türgenler we ýaryşyň myhmanlary üçin ýedi müňe golaý lybas we esbap taýýarladylar.Dünýä birinjiligine gatnaşýanlaryň lybaslar toplumy alty eşikden agyr atletika boýunça ýurduň ýygyndy toparynyň eşiginden, meýletinleriň, ýaryşyň guramaçylarynyň, lukmançylyk işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinň, tehniki işgärleriň eşiklerinden ybaratdyr.

Doping barlagynyň serkerdeleri üçin birinjiligiň nyşany şekilli köýnekçeler tikildi.

Jemi eşikleriň 1300-e golaý toplumy taýýarlanyldy, onda keltekçe we jalbar, ýeňsiz köýnekleriň ikisi, beýsbol papagy, torba bar. Türgenleriň eşigi ak-gök reňklerde tikilen. Guramaçylar, hyzmat edýän işgärler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we meýletinler üçin lybaslar toplumy dürli reňkleri we ozboluşly dizaýnerçilik tilsimleri, meselem, keteniniň ulanylmagy bilen tapawutlanýar.

Lybaslar az garyndyly nah matalardan, şeýle hem trikotaždan tikilen.Ýaryşa dürli ýurtlardan gelýän myhmanlardyr ýurdumyzda sportuň şu görnüşini halaýanlar hem ünsden düşürilmändir.Türkmen dokmaçylary sowgatlyklar toplumlarynyň uly tapgyryny agyr atletika boýunça 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň nyşany ýerleşdirilen ýeňsiz köýnekleri, köýnekçeleri, torbalary taýýarlapdyrlar.

Olary ýörüteleşdirilen dükanlardan satyn alyp bolar, olaryň bir bölegi birinjiligiň geçirilýän günleri paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde hereket eder.

Ýene degişli makalalar

Britaniýanyň “Triwandi Çanzo” kompaniýasy Oýunlarda doping-barlag üpjünçilik düzüminiň biridir
25.09.2017 | Türkmenistanyň dopinge garşy agentligi Merkezi Aziýada öňdäki orunlaryň birini eýeleýär
11.01.2018 | Kreýg Ridi: Bütindünýä Dopinge garşy agentligi Türkmenistanyň Milli dopinge garşy agentliginiň ösdürilmegine ýardam bermäge ygrarlydyr
22.05.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin ýörite mejlisi
Türkmenistanly pälwan Aziýa oýunlarynda dopingde tutuldy