“Türkmenistanyň Hronikasynyň” çeşmeleri Aşgabatda dollaryň “gara bazardaky” kursynyň soňky iki günde birden ýokary galandygyny habar berýärler.
Eger 9-njy fewralda walýutaçylar 1 dollary 13 manatdan alan bolsalar, 10-njy fewralda dollaryň “gara bazardaky” bahasy 14,2 manat bolup, henizem 3,5 manat ýarym bolmagynda galýan resmi kursdan dört esse gymmatlady.
2018-nji ýylyň başyndan bäri walýutanyň kursy “gara bazarda” ep-esli üýtgäp durýar we ol ýerde görnetin düýpli gymmatlama äheňleri görünýär. Ýanwarda 10 manat bolan dollaryň kursy şondan bäri eýýäm 4 manat gymmatlady ýa-da 40% ýokarlandy.