Dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulagyny tanyşdyrdy

Dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän “Peugeot e-208” tanyşdyryldy.Bir gezekki zarýady bilen 400 kilometr ýol geçip bilýän ulag geljek ýyl satuwa çykarylar.Fransuz “Peugeot” kompaniýasy 2021-nji ýylyň ahyrynda “Peugeot 208” seriýasynyň elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji nusgasyny çykarypdy.

Bu ulagyň bir gezekki zarýady bilen geçýän ýoly ilki 22, soňra ýene-de 38 kilometr artdyryldy. Şeýlelikde ulagyň bir gezekki zarýady bilen geçýän ýoly 400 kilometre ýetirildi.Täzelenen ulag kuwwaty hem 15 göterim artdyrylyp, kuwwaty 136 at güýjünden 156 at güýjüne ýetirildi.

Elektroulagyň adaty zarýad beriji beketlerde 25 minutda 20 göterimden 80 göterime çenli zarýad berip boljakdygy habar berildi. Şeýle hem ulagy “eco”, “normal” we “sport” atly üç režimde sürüp bolýar. Bular ulagyň kuwwatyna we geçýän ýoluna täsir edýär.

Aýdyn Suhanow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Ýewropadaky elektroulag satuwy artýar
Renault täzelenen logotipini tanyşdyrdy
2022-nji ýylyndaky logosyny üýtgetdi
Zenan žurnalistler ýylyň iň gowy awtomobillerini saýladylar
Peugeot kompaniýasy logotipini täzeledi
“2021-nji ýylda Ýewropada ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi