Zenan žurnalistler ýylyň iň gowy awtomobillerini saýladylar

Zenan žurnalistler ýylyň iň gowy awtomobillerini saýladylar

Women’s World Car of the Year (WWCOTY) halkara bäsleşiginiň finalynda 38 ýurtdan 50 žurnalist dokuz esasy nominasiýada ýeňiji awtoulaglary saýlady. Bu bäsleşik bassyr on birinji ýyl geçirilýär diýip, zr.ru habar berýär.

Peugeot modelleri birbada iki kategoriýada ýeňiji boldy — Peugeot 208 — iň gowy şäher awtoulagy, Peugeot 2008 bolsa iň gowy şäher krossoweri boldy.Skoda Octavia “Iň gowy maşgala awtomobili” nominasiýasynda ýeňiş gazandy, Lexus LC 500 kabrioleti Mercedes-Benz S-Class we Rolls-Royce Ghost-dan öňe geçip, “lýuks” klasynda ýeňiş gazandy.

Iň gowy superkar hökmünde Ferrari F8 Spider saýlandy, orta göwrümli SUV klasynda Land Rover Defender ýeňiş gazandy.Iň gowy uly krossower Kia Sorento boldy. “Iň gowy 4x4 we pikap” hem-de “Iň gowy elektrokar” nominasiýalarynda Ford F-150 we Honda e ýeňiji boldy.

Nominasiýada ýeňiji bolan awtomobiller, her biriniň “howpsuzlyga, rahatlyga, tehnologiýa we baha/hil gatnaşygynyň laýyklygyna esaslanan kämillik bolmalydygyndan” ugur alnyp saýlandy. Şu ýyl girizilen täze düzgünlere laýyklykda, ilki her kategoriýada zenanlar üç finalçyny saýladylar, soň bolsa bir ýeňiji saýlandy.

Bäsleşige 2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aralygynda satuwa çykan täze modeller gatnaşdy.Halkara zenanlar gününde — 8-nji martda Women’s World Car of the Year bäsleşiginiň absolýut ýeňijisi yglan ediler.

Ýene degişli makalalar

“2021-nji ýylda Ýewropada ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi
“Ýewropada ýylyň awtomobili” adyna dalaşgär modelleriň sanawy düzüldi
Pariž awtoulag sergisi elektroulaglar köpelýär
Ýylyň awtomobili — 2022 bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi açyldy