Dortmundyň "Borussiýasy" tälimçi Fawry wezipesinden boşatdy

Dortmundyň "Borussiýasy" tälimçi Fawry wezipesinden boşatdy

Germaniýanyň "Borussiýa" (Dortmund) futbol klubunyň ýolbaşçy düzümi Lýusen Fawry baş tälimçi wezipesinden boşatdy. Bu barada Bild gazetiniň habaryna salgylanyp, TASS habar berýär.

Bu karar şenbe güni geçirilen Germaniýa çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň oýnunda "Borussiýa" öz meýdançasynda "Ştutgartdan" 1:5 hasabynda ýeňlenden soň kabul edildi.Munuň özi toparyň öz meýdançasynda yzly-yzyna üçünji we şu möwsümde milli çempionatda dördünji ýeňlişi boldy.

Topar 11 oýundan soň 19 utuk bilen hem-de birinji orundaky "Bawariýandan" 5 utuk yza galmak bilen liganyň sanawynda bäşinji orunda durýar.Mundan öň "Borussiýa" Çempionlar ligasynda toparçada birinji orny eýeläp, pleý-off tapgyryna çykdy.

Häzirlikçe baş tälimçiniň wezipesini 63 ýaşly şweýsariýaly kömekçi Edin Terziç ýerine ýetirer.Neşiriň habaryna görä, toparyň tälimçisi wezipesine dalaşgärlerleriň hatarynda Ýulius Nagelsman (“Leipsig”) we Marko Roz (“Borussiýa”, Mönhengladbah) bar.

Fawr Dortmundyň "Borussiýasynyň" baş tälimçisi bolup 2,5 ýyl işledi we 2019-njy ýylda Germaniýanyň Super kubogyny aldy. Şweýsariýaly hünärmen bilen häzirki baglaşylan şertnama şu möwsümiň ahyryna çenli dowam eder.

Fawr mundan ozal Şweýsariýanyň "Eşallan", "Iwerdon", "Serwett", "Sýurih", nemes "Gert" we "Borussiýa" (Mönchengladbach), şeýle hem fransuz "Nissa" klublarynda işledi.Ol "Serwett" bilen Şweýsariýanyň kubogy ugrundaky ýaryşda (2001), "Sýurih" bilen iki gezek Şweýsariýanyň çempionatynda (2006, 2007) we bir gezek milli kubokda (2005) ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

“Bundesligadan” “Premier Liga” transfer boldy
Innowasiýa esaslanýan durnukly ösüşiň ekologiýa bilen sazlaşygy
Elementleriň tablisasy nädip döredildi?
17.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri karbamid toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.10.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň prezidenti polietilen we polipropilen zawodyny açdy