Dost-doganlyk merkezi ak şäherim Aşgabat

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Aşgabat seýilgähinde “Dost-doganlyk merkezi ak şäherim Aşgabat” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Aziýanyň merjeni bolan Aşgabat bu gün dünýäniň üns merkezinde günsaýyn özgerýändigi, gözelleşýändigi, ak mermere beslenen beýik ymaratlary, kaşaň jaýlary giň we owadan köçeleri bilen görenleri haýran galdyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ak şäherimiz Aşgabat parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň mekanyna öwrülendigi barada buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň eşretli durmuşyny üpjün etmek üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi
Kitaphana- paýhaslar öýi
Aşgabat parahatçylygyň şäheri
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Buýsanjymyz ak şäherimiz Aşgabat!
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat