Dowamatdyr bu gün ýoluň Pyragy atly zehinli ýaş şahyrlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi

Dowamatdyr bu gün ýoluň Pyragy atly zehinli ýaş şahyrlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň sergi binasynda Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşi hem-de Ýaşlyk teleýaýlymy bilen bilelikde Dowamatdyr bu gün ýoluň Pyragy atly zehinli ýaş şahyrlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bu döredijilik bäsleşiginde çykyş edenler özleriniň döreden ajaýyp goşgularyny, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Telebäsleşigiň ahyrynda çykyş eden ýaşlarymyzyň ýeňiji bolanlaryna Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy.

Olar bäsleşigiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

2026-njy ýylyň 12-14-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
ARKADAGYŇ AK ŞÄHERI AŞGABAT
Aşgabatda “Türkmengaz” Döwlet konserniniň okuw merkezi açyldy
2017-nji ýylyň ýyl ýazgysy: Gurluşyk we elektroenergetika