Dowizioso ýeňiş bilen başlady

Moto GP boýunça täze 71-nji möwsümiň ilkinji ýaryşy Katar “Gran Prisinde” “Ducati” toparynyň italiýaly piloty Andrea Dowizioso ýeňiş gazandy.Ol 22 aýlawy 42 minut 36,902 sekuntda geçmegi başardy.

Bu onuň karýerasyndaky 13-nji ýeňşidir.Paýtagt Dohadaky 5,380 kilometrlik Losail halkara trassasynda geçirilen ýaryşda “Honda” toparynyň pilotlary ispaniýaly Mark Markes 2-nji, britaniýaly Aleks Rins bolsa, 3-nji orny eýeledi.

Möwsümiň 2-nji “Gran Pri” ýaryşy 31-nji martda Argentinada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Markes 5-nji gezek ýeňiji boldy
Ilkinji üstünligi
SPORT GYSGA SETIRLERDE
Petruççiniň ilkinji ýeňşi
Moto GP
Oliweira möwsümi jemledi