Moto GP

2019-phillip-island-motogp-results-marc-marquez-2.tifMarkesiň 55-nji ýeňşi

boýunça 17-nji ýaryşy Awstraliýada geçirilip, bu ýerde hem çempionlygyny öň yglan eden ispaniýaly Mark Markes (“Repsol Honda”) ýeňiş gazandy.Ol ýurduň Wiktoriýa welaýatyndaky Filip Aýland adasyndaky trassada geçirilen 27 aýlawdan ybarat ýaryşy 40 minut 43,729 sekuntda geçmegi başardy. Şunlukda, Mark Markes bassyr 5-nji, möwsümdäki 11-nji hem-de karýerasyndaky 55-nji ýeňşini baýram etdi.

Ondan 11,413 sekunt yza galan “Honda Castrol” toparynyň britan sürüjisi Kal Kratçlow 2-nji, “Alma Pramac Ducati” toparynyň awstraliýaly sürüjisi Jek Miller 3-nji ýeri eýeledi.

Şu möwsümde geçirilen 17 ýaryşyň diňe birini tamamlap bilmedik we galan 16 bäsleşikde 12-nji ýerleri eýelän Mark Markes utugyny 375-e ýetirdi. Italiýaly Andrea Dowizioso bilen ispaniýaly Aleks Rins degişlilikde 240 we 183 utuk bilen 23-nji orunlary paýlaşýarlar. Möwsümiň 18-nji ýaryşy 3-nji noýabrda Malaýziýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, sanawyň lideri üýtgedi
Markes 5-nji gezek ýeňiji boldy
Dowizioso ýeňiş bilen başlady
SPORT GYSGA SETIRLERDE
Petruççiniň ilkinji ýeňşi
Sport habarlary gysga setirlerde