Dubaýda energetika ulgamynda türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Dubaýda energetika ulgamynda türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

3-nji fewralda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabi Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar gaz pudagynda Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.

Taraplar häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalaryň ýerine ýetirilişine garap, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda ileri tutulýan ugurlar boýunça dowamly hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksady bilen, iki ýurduň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşdy
22.08.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
ESASY ÝÖRELGÄMIZ PARAHATÇYLYK WE ABADANÇYLYK
01.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşdy