Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi!

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Gurjak teatry hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy şeýle hem Aşgabat şäheriniň 51-nji orta we Tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdepleri bilen bilelikde “Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi!” atly çagalar şahyry, çagalar edebiýatynyň halypasy Azat Rahmanowyň 80 ýyllyk ýubileýi mynasybetli, şahyryň şygyrlarynyň çeper okaýşyna bagyşlanyp edebi ertirlik geçirildi.

Geçirilen edebi ertirlige “Edebiýat we sungat” gazetiniň habarçysy, şahyr Süleýman Ilamanow, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy şahyr Bazar Şalyýew, ýazyjy Goçy Annasähedow, “Watan” gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Ogultäç Oraztaganowa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy şahyr Annaberdi Çoçamanow, Güneş” žurnalynyň habarçysy, şahyr Garahanjar Baýhanow, Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň halypa kiyaphanaçysy Oguljemal Orazdurdyýewa, birnäçe çagalar degişmeleriniň awtory, žurnalist Akgül Saparowa, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetçilik guramasynyň wagyz-ündew hünärmeni Gülnar Çaryýarowa gatnaşdylar. Çäräniň başynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary tarapyndan Çagalar şahyry Azat Rahmanowyň “Umyt guşjagazy” atly goşgusy esasynda taýýarlanan gysgajyk sahna oýnuny görkezdiler.

Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň 4-nji “Ç” synp okuwçylary şahyryň hüwdi atly goşgusyna sahna oýny hem gyzykly goşgylaryny labyzly okamak çykyş etdiler. Şeýle hem tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçylary hem öz gezeginde türkmen halk ertekisi “Böwenjik” ertekini sahna esasynda görkezip, arassaçylyk, dostluk-doganlyk häsiýetlerini görkezdiler. Ähli myhmanlar kitaplar hakynda gyzykly gürrüň etdiler.

Söhbetdeşligiň soňunda göwünleri galkynan çagalaryň dillerinde ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna egsilmez alkyşlar aýdyldy.Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Suratkeşleriň ýurdumyzyň Bitaraplygyna bagyşlan sergisi açyldy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda