Dünýä edebiýatynyň aýnasy: “World Literature Today” žurnaly 100 ýaşady

Dünýä edebiýatynyň aýnasy: “World Literature Today” žurnaly 100 ýaşady

Halkara edebiýatynyň iň abraýly neşirleriniň biri bolan “World Literature Today” (WLT) žurnaly 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda özüniň 100 ýyllyk ýubileýini dabaraly suratda bellemäge başlady. Bir asyr mundan ozal esaslandyrylan bu neşir, şu günki günde dünýäniň dürli künjeklerindäki ýazyjy-şahyrlary, terjimeçileri we okyjylary birleşdirýän iň uly intellektual meýdança hasaplanýar.

Žurnalyň taryhy 1926-njy ýylyň ýanwaryndan gözbaş alyp gaýdýar. Ol ilki ABŞ-nyň Norman şäherinde ýerleşýän Oklahoma uniwersitetinde professor Roý Templ Haus tarapyndan “Books Abroad” ady bilen döredilipdi. Žurnalyň baş maksady diliň we serhetleriň çäklerinden çykyp, bütin dünýäniň täze edebi eserlerini okyjylara tanyşdyrmakdy. 1977-nji ýylda bolsa neşiriň ady häzirki “World Literature Today” diýen görnüşine üýtgedildi.

Žurnalyň 100 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan ýanwar sany edebiýat dünýäsi üçin garaşylmadyk sowgatlar bilen geldi: Nobeliň edebiýat baýragynyň eýesi, kolumbiýaly ýazyjy Gabriel Garsia Markesiň ozal hiç ýerde çap edilmedik “How Natanael Pays a Visit” (Natanailiň myhmançylyga barşy) atly eseri ilkinji gezek okyjylara ýetirildi. Şeýle-de, meşhur kanadaly ýazyjy, “Neustadt” baýragynyň eýesi Şeri Dimalin bu sanyň baş temasy hökmünde saýlandy.

Onuň eserleri häzirki zaman ýerli halklaryň edebiýatynyň iň gowy nusgalarynyň biri hasaplanýar.

Žurnalyň baş redaktory Daniel Simon 2026-njy ýylyň dowamynda neşir ediljek “A Compass on the Navigable Sea”

(Gämi gatnawly deňizdäki kompas) atly täze antologiýanyň anonsyny berdi. Bu kitapda žurnalyň bir asyrlyk taryhynda yz galdyran iň täsirli eserler jemlener.

“World Literature Today” ýöne bir žurnal bolman, eýsem halkara edebiýatynyň kompasydyr. Ol her ýyl 60-dan gowrak dilden terjime edilen eserlere syn berýär we dünýäniň iň uly edebi baýraklarynyň biri bolan “Neustadt” halkara edebiýat baýragyny guraýar. Bu baýraga mynasyp bolanlaryň köpüsi soňra Nobeliň edebiýat baýragyny hem alýarlar.

Žurnalyň redaksiýasy öz ýüzlenmesinde “Biz bir asyryň dowamynda dünýä edebiýatynyň iň kyn pursatlaryna we iň beýik üstünliklerine şaýat bolduk. 100 ýyllyk diňe bir taryh däl, eýsem geljekki asyryň täze eserlerini ýüze çykarmak üçin başlangyçdyr” diýip belleýär.

Ýene degişli makalalar

Näme üçin Eýran parahatçylykly baýlaşdyrmak hukugyny talap edýär
Eýranyň Daşary işler ministri: Biz raketalarymyzy hakyky söweşde synagdan geçirdik
Bagaýi: Amerika we onuň käbir ýaranlary BMG-niň Düzgünnamasyny iň uly bozýanlaryň hataryndadyrlar
Pezeşkýan: Özara ynam milletleriň arasynda parahatçylygy we durnuklylygy kepillendirer
Aragçy: Amerika ynamdar däl
Lawrow: Ýewropanyň Eýrana garşy hereketleri diplomatiýada utanç lekedir