Dünýä habarlary gysga setirlerde

Gara deňzinden gaz tapyldy.Türkiýe Gara deňzinden iň uly tebigy gaz ýatagyny tapdy.Maglumatlara görä, onuň möçberi 320 milliard kub metr bolup, eýýäm, 2023-nji ýyla çenli bu gaz ulanylyp başlanar.

Tapylan ýatagyň özleşdirilmegi bilen ýurduň taryhynda täze döwrüň başlanmagyna garaşylýar.Bu gaz ýatagy energiýa ýetmezçiligini doly çözmäge we geljekde Türkiýäni gaz eksport edýän ýurda öwürmäge mümkinçilik berer diýip, maglumatlarda bellenilýär.

Türkiýe häzirki wagtda rus gazyny iň uly satyn alyjylaryň biridir.Geçen ýyl Gazprom Türkiýä 15,51 milliard kub metr gaz iberdi, bu bolsa, Germaniýadan we Italiýadan beýleki Ýewropa ýurtlaryna ugradylýan gazdan has köpdür.

Ýamally maşgalalaryň ýeňşi.Russiýada geçirilen Ýylyň maşgalasy bäsleşiginiň guramaçylyk komiteti 2020-nji ýylyň maşgalasy bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitledi.Birbada iki ýamally maşgala bu sanawa goşuldy.Nadym şäherinden Wadim bilen Olga Dehtýarenkonyň maşgalasy Köp çagaly maşgala ugry boýunça, Priuralskiý sebitinden Dmitriý we Olga Filippowalaryň maşgalasy Ýaş maşgala ugry boýunça ýeňiji boldular.

Maşgalalar Ýamalyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşyp, maşgala gymmatlyklaryna we däp-dessurlaryna hormat goýýandyklary üçin bu derejä eýe boldular. Ýaryşa jemi 3 müňe golaý rus maşgalasy gatnaşdy.Bäşinji gezek geçirilýän bu bäsleşik Russiýanyň Zähmet we sosial gorag ministrligi tarapyndan guraldy.

Meşhur kompozitor baýrak aldy. 82 ýaşly eýranly kompozitor Loris Aýkazowiç Çknaworýan Books for Peace Awards 2020 baýragyna mynasyp boldy.Baýrak gowşurylyş dabarasy 12-nji sentýabrda Italiýanyň paýtagty Rimde geçiriler.

Meksikaly žurnalist Hawýer Waldesiň adyny göterýän bu baýrak parahatçylyk, ynsanperwerlik we haýyr-sahawat işlerine goşant goşan şahslara berilýär.Loris Çknaworýan 70-den gowrak nusgawy saz eseriniň, 4 operanyň we 6 simfoniýanyň awtorydyr.

Kompozitor, dirižýor we aýdym-saz teoriýasy mugallymy Loris Çknaworýan 1937-nji ýylda Eýranyň Borujerd şäherinde dünýä indi.Ermenistanyň simfoniki orkestrine ýolbaşçylyk etdi we onuň baş dirižýory (1990-2000) boldy.

Häzir ol Eýranda ýaşaýar.

Gandiniň äýnegi satyldy.Beýik Britaniýanyň East Bristol auksionynda Hindistanyň syýasy we jemgyýetçilik işgäri Mahatma Gandiniň (1869-1948) äýnegi 260 müň funt sterlinge (340 müň dollar) satyldy.

Altyn çarçuwaly bu tegelek äýnegi ady mälim edilmeýän bir satyjy East Bristol auksionyna getirip, munuň daýysyndan miras galandygyny aýdypdyr.Daýysyna bolsa, bu äýnegi geçen asyryň başynda Gandiniň hut özi sowgat eden eken.

Auksionyň işgäri Endi Stouyň aýtmagyna görä, satyjynyň daýysy 1920-nji ýylda Günorta Afrikada saparda bolanda bu äýnegi Gandi oňa sowgat beripdir.

Altyn teňňeli hazyna.Ysraýylda 1000 ýyl mundan ozal toýundan edilen gapda gömülen 425 sany altyn teňňe tapyldy.Bu barada ýurduň Gadymy ýadygärlikler edarasy habar berdi.

Hazyna Ysraýylyň merkezinde geçirilýän gazuw-agtaryş işlerine meýletin gatnaşýan ýetginjekler tarapyndan ýüze çykaryldy.Gazuw-agtaryş işleriniň ýolbaşçysy Liat Nadaw-Ziwiň we Gadymy ýadygärlikler edarasynyň işgäri doktor Eli Hadadyň pikiriçe, toýun gaba salnyp ýere gömülen altyn teňňeler Bagdat halyflygynyň Apbasylar neberesiniň döwrüne degişlidir (takmynan, IX asyr).

Içerki syýahatçylygyny dikeldýär.Hytaýyň syýahatçylyk edaralarynyň 500-si köp jahankeşde çekmek maksady bilen bahalaryny arzanlatdy.Asia One saýtynyň bilermenleri ýurduň syýahatçylarynyň Hytaýyň gözel ýerleriniň köpüsinde 20-50% aralygynda arzanladyşa şaýat bolandyklaryny we bu ýagdaýyň ýylyň ahyryna çenli dowam etjekdigini habar berdiler.

Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli, häzirki wagtda gezelenje gelýänleriň sanynyň ep-esli azalandygy bellenilýär.Diňe çeýe nyrh syýasaty sebäpli, syýahatçylaryň sanynyň geçen ýylky görkezijileriň ýarysyna ýetendigi bellenilýär.

Häzirki wagtda syýahatçylyk merkezlerine gelýänlere onlaýn arkaly arzanladylan petek hödürlenýär.

Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.Abu-Dabiniň Ýas emeli adasynda bina edilen sport we dynç alyş toplumy CLYMB Abu Dabi-däki aerodinamik desga (diametri 10 metr, beýikligi 54,6 metr) hem-de dünýäniň iň beýik dyrmaşma diwary (42,16 metr) Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Toplumyň aýratynlygynyň resmi taýdan ykrar edilmegi, global ähmiýetli merkez hökmünde abraýymyzy belende göterýär diýip, toplumyň baş direktory Bianka Sammut aýtdy.Geçen ýyl ulanylmaga berlen bu merkez myhmanlaryna tejribe toplamaga we belentlige dyrmaşmaga mümkinçilik berýär.

Ýene degişli makalalar

Paýhaslar
Hindistanyň Prezidenti Aşgabatdaky Mahatma Gandiniň heýkeline gül goýdy
Günorta Koreýa dünýäniň COVID-19-yň endemik boljak ilkinji ýurdy bolup biler
Ukrainadan Goňşy Ýurtlara Geçen Bosgunlaryň Sany 2 Milliona Ýetdi
Prezident saýlawlaryna täze üç dalaşgär hödürlenildi
Aşgabadyň we Daşoguzyň raýatlarynyň teklipçi toparlary Prezidentlige dalaşgärini hödürlediler