Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen

Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen

Biziň Watanymyz hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwletdir. Ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky taryhy kararlarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar etdi.

Munuň özi ýurdumyzyň parahatsöýüjilige, hoşniýetli gatnaşyklara eýerýän daşary syýasatynyň dünýäde ykrar edilmegini aňladýar.Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistan parahatçylygy hyzmatdaşlygyň we ösüşiň girewi hökmünde öňe sürýär. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyz bu gün dünýäde iň asuda, dostana ýurt hökmünde tanalýar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistan Bitaraplygyň mekany diýip atlandyrylan 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan köp işler alnyp barylýar.Golaýda Bitaraplygymyzyň şanly ХХV ýyllygy mynasybetli Döwlet muzeýinde Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen atly sergi gurnaldy.

Sergide muzeýiň gaznasyndan saýlanyp alnan gymmatlyklar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň döwlet baştutanlary bilen duşuşyklaryna, halkara derejede geçirilýän forumlarda hem-de BMG-nyň Baş assambleýasynyň münberinde çykyş edip duran pursatyna degişli fotosuratlar toplumy ýerleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyza sowgat berlen ajaýyp zergärçilik eserleri serginiň many-mazmunyny açyp görkezýär. Şonuň ýaly-da ussat gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalan şekilli halylar, suratkeşlerimiz tarapyndan döredilen sungat eserleri, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary, albomlar, žurnallar serginiň täsirliligini has hem artdyrýar.

Bir söz bilen aýdylanda, Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen atly sergi berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekdäki, sebitde we bütin dünýäde asudalygy, parahatçylygy goramakdaky taryhy hyzmatyna aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki abraý-mertebesi, şan-şöhraty mundan beýläk hem beýgelsin!Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Indira Gandi adyndaky Aşgabadyň Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy Mahym Gubiýewa, TDMM-niň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Täçsoltan Kakajanowa, Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň hünärmeni Bägül Durdyýewa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bölüm müdiri Söýün Sähetgylyjow, Biznes reklama gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýew we Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy Köşüliýewa Arzygül, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher Komitetiniň bölüm müdiriniň orunbasary, Halk Maslahatynyň agzasy Hydyrow Didar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ylmy işgärleri we Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri dabara myhman hökmünde gatnaşdylar.Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.Dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýinde gurnalan Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň hünärmenleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň welotrek boýunça ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar
Bagtsyzlygyň bagty
Jemal bagşynyň Ogulabat ejeli we alajaly ideýasy
TH tokmaklandan’ soň Aşgabatda sürüjileriň maşynlaryna alaja dakmagyny gadagan etdiler
Arkadag gurluşykkeşmi ýa gurluşykhor?