Arkadag gurluşykkeşmi ýa gurluşykhor?

Neşesiz oňup bilmeýäne il içinde “neşekeş”, “tirýekkeş” ýa-da “narkoman”, çilimsiz oňup bilmeýän “çilimkeş”, beňsiz oňup bilmeýäne “beňkeş” ýa “beňňi” diýilýär. Araksyz, şerapsyz oňup bilmeýäne “arakhor” ýa-da “serhoş”, “alkaş” diýilýär. Käbirleriniň düşündirmegine görä, “keş” çekilýän neşeler bilen bagly ulanylýan goşulma, “hor” içilýän zatlara degişli.

Emma ony diýseň, pul karz berip, üstünden peýda görýäne hem “süýthor” diýýärler, “parahor”, “zynahor”… ýaly sözler hem bar. “Zynahora” başgaça “aýalbaz” hem diýilýär. Emma meni esasy gyzyklandyrýan sowal bular däl, eýsem gurluşyksyz oňup bilmeýäne näme diýmelidigi? Ýagny ol gurluşykkeşmi ýa gurluşykhor? Ýa gurluşyksyz ýaşap bilmeýän adama gurluşykbaz hem diýseň bolarmy?

Men muny uniwersitete baryp, ikiçäklikde jan ynanyşýan dilçi dostlarymdanam soradym. Emma olar belli bir zat aýdyp bilmediler ýa bu temadan gürrüň etmek islmediler.

Bu saňa nämä gerek boldy diýmegiňiz mümkin, sebäbini aýdaýyn. Eger garaşsyzlykdan soňky taryhymyzy dogry ýazjak bolsak, ozal türkmen taryhynda bolmadyk, emma soňky döwürde türkmen köşk durmyşynyň aýrylmaz bölegi bolan zatlar barada hem ýazmaly bolar. Diýmek, şol täze zatlary biz öz ady bilen atlandyryp başlamaly.

Mysal üçin, Arkadag prezidentimiz ýygy-ýygydan gurluşyklara aýlanýar.Käte muny ondan Aşgabadyň häkimi hem haýyş edýär. Ýa-da ol gurlan binalary açmak üçin ýurduň çar künjegine sapar edýär.

Ol diňe doly gurlan däl, gurlup duran gurluşyklara-da, heniz düýbi tutulmadyk gurluşyk desgalarynyň ýerine-de, tamamlanyp, ulanylmaga beriljek bolup duran gurluşyklara-da aýlanýar.Käte maşynly, käte dikuçarly, käte bolsa atly ýa tigirli baryp, gurluşyklary görmese, prezidentimiz ýatyp bilmeýärmikä diýýärin.

Megerem ony şu dünýäde bir zat gyzyklandyrýan bolsa, ol gurluşykdyr!

Muny soňky on ýylda milli metbugatda hormatly Arkadagymyzyň gurluşyklara aýlanyşy, umuman täze desgalar bilen bagly beren tabşyryklary subut edýär. Eger-de onuň gurluşyk saparlary barada berlen habarlary hasaplasak, ulaltma däl, Ginnesiň rekordlar kitabynda ýene bir täze rekord goýup bileris.

Dogry, il içinde Arkadagyň bu yhlasyna gümanly garaýanlar-da, “gurluşyklara aýlanýançaň halkyň agyr halyny gör” diýýänler-de bar. Nämemiş, prezidentiň gönüden-göni goldamagynda halk puluna gurulýan gurluşyklaryň ählisinden millionlap dollar ogurlanýarmyş. Iň ýamany, gurulýan binalaryň tas ählisi ýurduň ykdysadyýetine peýda däl-de, uly zyýanmyş…

Bu hili gürrüň edýänlere “men ykdysatçy däl, ýa prokuror däl, baryň şolara aýdyň, bolmanda žurnalistlere aýdyň, derňezinler, ýazsynlar” diýip jogap berýärin.

Käbirleri “bu köşklere derek nähili peýdaly işleri edip bolardy, hakyky bilimli ýaşlary ýetişdirip bolardy-beýleki, döwleti batyrdy” diýip akyl satýar. “Iki otaglyja, içi mebelsiz, gaty palasly jaýa ýetip bilenok köp maşgala, bu bolsa köşk dälisi boldy” diýýän-de bar.

Emma men bu gürrüňlere gulak asmaýaryn. Ýöne dogrymy aýtjak soňky döwürde, eger taryh dogry ýazyljak bolsa, hormatly Arkadagymyzyň gurluşyklara şeýle üýtgeşik, owalda-ahyrda hiç döwlet baştutanynda görülmedik yhlasyny haýsy söz bilen atlandyrmaly “gurluşykkeşmi ýa gurluşykhor”” diýen sorag welin hiç kellämden çykanok.

Ilçilik, kim bilýän bolsa aýtsyn, ýogsa men hiç ynjalyp bilemok. Käte muny hat ýazyp, on ýylda şu gurluşyga aşyklygynyň daşyndan 50-ä golaý kitap ýazan parasatly Arkadagymyzyň özünden hem soraýyn diýýärin. Emma gorkýaryn, dogry düşünmän, korrupsiýada tutulan ministrlerini iberýän ýerine iberäýmesin diýýärin.

Belki siz aýdarsyňyz, adamlar, Arkadagymyz gurluşykkeşmi ýa gurluşykhor? Ýa oňa Türkmenistanyň täze taryhy ýazylanda “gurluşykbaz prezident” hem diýsek bolarmy?

Wäşi Köşüli, Aşgabat.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň taekwondo ýygyndysy Merkezi Aziýanyň birinji çempionatynda 10 medal gazandy
Bagtsyzlygyň bagty
Jemal bagşynyň Ogulabat ejeli we alajaly ideýasy
TH tokmaklandan’ soň Aşgabatda sürüjileriň maşynlaryna alaja dakmagyny gadagan etdiler
Türkmenistanyň welotrek boýunça ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar