TH tokmaklandan’ soň Aşgabatda sürüjileriň maşynlaryna alaja dakmagyny gadagan etdiler

Aşgabadyň ýol gözegçiligi polisiýasy oktýabr aýynyň ahyryndan başlap, sürüjileriň maşynlarynda gözden-dilden gorasyn diýlip dakylan doga-tumar, şol sanda düýe ýüňünden örülen alaja, dilegli ýazgy ýa oýunjak bolan sürüjilri saklap başlady.

Ulagynda şeýle zatlar bolan sürüjilere polisiýa 50 manat möçberinde jerime salýar we olary maşyndan aýyrmagy buýurýar diýip, “Azatlyk” radiosy habar berýär.

“Ýekşenbe güni meni PÝÝG-niň işgäri saklap, awtoulagymyň salonyndaky doga-bagjygy we awtoulagyň arka tarapyndaky ýumşak aýyjygy aýyrmagy talap etdi. Polisiýa işgärleri mundan beýläk awtoulaglarda şeýle zatlary goýmagyň, asmagyň ýa-da Alla gorasyn’ ýaly ýazgylary ýelmemegiň gadagandygyny aýdyp, 50 manat pul jerimesini hem ýazdy” diýip, aşgabatly sürüji gürrüň berdi.

Sürüjileriň sözlerine görä, polisiýa işgärleri maşynyň içinde doga-tumar, alaja ýa oýunjak goýmaklygyň jerime tölemäge degişli edilen düzgün bozmadygyny tassyklaýan resmi dokument görkezmeýärler. Ýol polisiýasynyň käbir wekilleri bu gadaganlygy ol zatlaryň ýol hereketiniň “howpsuzlygyna” wehim salmak ähtimallygy bilen düşündirmäge çalyşýar.

“PÝGG-niň işgärleri sürüjilere bular maşynyň özi bilen zawodda öndürilen zat däl. Bu zatlar seniňem, seniň deňiňden geçýän maşynlaryň-da ünsüni bölýär. Şu zatlaram köçe-ýol heläkçilikleriniň bolmagyna sebäp bolýar’ diýýärler” diýip, aşgabatly sürüji gürrüň berdi.

Bu habar aşgabatly satirik Wäşi Köşüliniň “Türkmenistanyň Hronikasynda” çap edilen “Jemal bagşynyň Ogulabat ejeli we alajaly ideýasy” atly kinaýaly kyssasynyň yzýanyna gabat geldi.

Mälim bolşy ýaly, mundan öň döwlet baştutany alaja dakmak ýaly köneden gelýän yrymlara ynanmagyň başynda durýardy we çapjak atyna hem ejesiniň işen alajasyny dakýardy.Emma indi, aşgabatly satirigiň Ogulabat ejäniň alaja bilen döwlet syýasatyna goşulmagyny tokmak’ astyna almagy ozal alaja iki eli bilen ýapyşan prezidenti köneden gelýän yrymy “gara sanawa” salmaga mejbur edene meňzeýär.

1 of 4

Ýene degişli makalalar

Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Hor-homsy durmuş şertleri, güýçlendirilen häkimiýet gözegçiligi Garaşsyzlyk baýramyna kölege salýar
Gapydan gapa çaparçylyk hyzmaty: Türkmenistanyň ähli ýerine ýollamalary ibermek we almak aňsat hem-de ýönekeý
Metan zyňyndylary bilen tanalýan Türkmenistan ulaglardan çykýan zyýanly gazlara garşy göreşýär
Ýol howpsuzlygynyň biraýlygynda aýal sürüjiler häkimiýetler tarapyndan nyşana alynýar
Diňle: Türkmenabat güýçlendirilen PÝGG gözegçiligi astynda Gurban baýramyny belledi