Para-peşgeş 'açyk syr', Aşgabat 'korrupsiýa ornuny' berk saklaýar

Para-peşgeş 'açyk syr', Aşgabat 'korrupsiýa ornuny' berk saklaýar

Ulagly adamlar köçedäki korrupsiýanyň her gün diýen ýaly, köçä çykan badyňa öňüňden çykýandygyny, oňa diňe taýyn bolmagyň galýandygyny, häkimiýetleriň bu meselä doly diýen ýaly göz ýumýandygyny aýdýarlar.Türkmenistanda giň ýaýran köçe korrupsiýasy baradaky soňky maglumatlar Azatlyga Halkara aýdyňlyk (Transparency International) guramasynyň 2023-nji ýyl boýunça korrupsiýa görkezijilerini çap eden wagtynda gelip gowuşdy.

Türkmenistan bu hasabatda, öňki ýyllarda bolşy ýaly, iň ýaramaz orunlaryň birinde, gazaply’ korrupsiýa bilen ýüzbe-ýüz bolan ýurtlaryň arasynda durýar.

Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen sürüjileriň sözlerine görä, PÝGG işgärleri köçe korrupsiýasynyň esasy diregi bolup, öz işlerini’ köplenç çekinmän edýärler, metbugatda guralýan teletobalar, öz pogonyny ýyrtyp, sürüjä töhmet atýan polisiýa işgärini görkezýän wideonyň sosial ulgamlara syzdyrylmagy emele gelen agyr ýagdaýa uly bir täsir etmeýär. Şol bir wagtda, Aşgabatdaky köçe korrupsiýasy bilen sebitlerdäki köçe korrupsiýasynyň arasynda biraz tapawut bar.

“Welaýatlarda işleýän PÝGG işgärleri para alman durup bilmeýär” diýip, sebit ýaşaýjylarynyň biri aýtdy. Onuň pikiriçe, protokollar esasan daýhan adamlar, sada adamlar üçin ýazylýar, düzgün bozan pully ýa wezipeli adam bolsa, protokol ýazylmaýar.

Şeýle-de, Azatlygyň söhbetdeşi PÝGG işgärleriniň esasy iki bölege täze işgär we tejribeli işgär diýen böleklere bölünýändigini aýtdy.

“Ýaňy işe başlan PÝGG işgärleri para almaga gorkýar. Olar protokoly ýazmalysyndan hem kän ýazyp, gündelik planlaryny artykmajy bilen doldurýarlar. Emma tejribeli işgärler, başlyklary bilen gürleşip, günde alan parasyny paýlaşýar we kän jerime ýazgylaryny ýazmaýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi bu ýagdaýyň köp ýyl bäri dowam edýändigini hem sözüne goşdy.

Bu aýdylýanlary anonimlik şertinde gürleşen polisiýa işgäri hem tassyklady.

“Käte, para almak üçin, radaryň görkezen tizligini özümiz üýtgetmeli bolýarys. Awariýa bolan ýagdaýynda, iki tarap ylalaşsa, protokol ýazman, wakanyň bolan ýerinde hasaplaşyk geçirýäris” diýip, ýolda awtoulaglaryň tizligini ölçeýän gural, radar bilen durýan polisiýa işgäri gürrüň berdi.

Anonimlik şertinde gürleşen polisiýa işgärleriniň tassyklamagyna görä, para almajak bolsaň, PÝGG-da işläniň peýdasy ýok.

“Aýlyklar hiç bir zada ýetmeýär. Egnimizdäki polis eşiklerimizi özümiz satyn almaly. Edaranyň beren awtoulagy döwülse, özümiz bejertmeli” diýip, işleýän sebitiniň hem agzalmazlygyny soran işgär aýtdy.

Biri-birinden habarsyz, aýry-aýrylykda gürleşen polisiýa işgärleriniň sözlerine görä, PÝGG işgärleriniň käbiri sürüjilerden günde 1000 manat çemesinde para alýar we onuň belli bir bölegini özüne alyp, galanyny bermeli adamlara berýär.

Türkmenistandaky köçe korrupsiýasy açyk syr’ bolup, adamlaryň gözüniň alnynda diýen ýaly amala aşyrylýar. Ýöne bu korrupsiýa karantin döwründe, maska dakynmadyk adamlara jerime salnan günleri has girdejili’ boldy. Şol döwürde şäher ýerlerinden gowy jaý, täze maşyn satyn alan PÝGG işgärleri köpeldi. Şu sebäpden, PÝGG işgärleriniň arasynda karantin döwrüni ýatlap, “yrsgally ýyl” diýip atlandyrýan adamlar hem bar diýip, Azatlyk bilen gürleşen ýerli synçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, PÝGG işgärleri ýolda esasan iki bolup durýarlar we olaryň biri jerime ýazmak ýa-da para almak bilen meşgullansa, beýlekisi geçýän maşynlary saklaýar.

Meseläni para, pul bilen çözýän sürüjiler uzak eglenmän, ýene öz ýoluny dowam etdirýär, para bermedikler ýarym sagat wagtyny ýa-da ondan hem köp wagt ýitirip, hem maşyn saklaýan, hem protokol ýazýan polisiýa işgärlerine garaşmaly bolýarlar.

Türkmenistanyň öňki prezidenti öz döwründe ençeme gezek korrupsiýa ýol bermezlik wadasyny berdi, köçelerde wideokameralaryň oturdylmagyny buýurdy.Azatlygyň habarçylary welaýatlarda hem wideokamera gözegçiliginiň ýola goýlan ýerleriniň bolandygyny habar berdiler. Ýöne olar, soňky gowşan maglumatlara görä, PÝGG işgärleriniň açyk diýen ýaly para almagyna päsgel bermeýär.

Sebäbi, kameralaryň käbiri işledilse, käbiri işledilmeýär, olar ulgama birikdirilmedik, diňe protokol köçeleriň kameralary işleýär diýip, ýagdaýdan habarly hünärmen aýtdy.

Halkara aýdyňlyk guramasynyň hasabatynda aýdylmagyna görä, demokratiýa babatynda giň ýaýran gaýtgynlyk, adalat ulgamynyň gowşamagy korrupsiýa gözegçilik edilmegini pese gaçyrýar, prokurorlar we kazylar köplenç öz ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanýan adamlary derňäp we jezalandyryp bilmeýär.

Şeýle-de, hasabat ýolbaşçylar kanunyň, hukuklaryň we demokratiýanyň hökmürowanlygyny gyssagly ýagdaýda ýokarlandyrmaly, ýöne olaryň köpüsi bulara yzygiderli hüjüm edýär diýen netijä gelýär.

Hormatly diňleýjiler we okyjylar, Türkmenistanda giň ýaýran köçe korrupsiýasy barda taýýarlan gepleşigimizi dolulygyna hepde ahyrynda diňläp bilersiňiz. Eger-de bu meselede öz şaýat bolan ýagdaýlaryňyz barada habar berseňiz, pikirleriňizi paýlaşsaňyz, sizden hoşal bolardyk.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Lebapda PÝGG-niň sürüjilere gözegçiligi we olardan para almagy’ ýene batlandy
Prezidentiň Mara sapary döwründe ak reňkde bolmadyk ulaglar tussag edildi’, hereket çäklendirildi
Ýol polisiýasy ýollaryň boýunda gizlenip, sürüjileri awlaýar’
Ýol polisiýasy ýollaryň boýunda gizlenip, sürüjileri awlaýar’
PÝGG uly ýollaryň boýunda gizlenip, tizlik çägini geçen sürüjileri awlaýar’