Gapydan gapa çaparçylyk hyzmaty: Türkmenistanyň ähli ýerine ýollamalary ibermek we almak aňsat hem-de ýönekeý

Gapydan gapa çaparçylyk hyzmaty: Türkmenistanyň ähli ýerine ýollamalary ibermek we almak aňsat hem-de ýönekeý

Ýokary hyzmat ülňüleri, tejribesi we guramaçylykly ýola goýlan logistika ulgamy Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasyna gysga möhletde, hatda Türkmenistanyň iň uzak we barmasy kyn ýerlerine-de gymmatly bukjalary we möhüm ýollamalary alyjylara ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Gapydan gapa çaparçylyk hyzmatynyň meşhurlygy günsaýyn artýar.Onuň müşderileriniň hatarynda fiziki şahslar we hususy telekeçiler, internet-dükanlar we iri guramalar bardyr.Bu hyzmatdan peýdalanyp, öýüňizden ýa-da ofisiňizden çykman, Türkmenistanyň bütin çägi boýunça ýollamalary ýa-da bukjalary iberip ýa-da alyp bilersiňiz. Ýollamalar alyjynyň öz eline gowşurylýar.

Zerurlyk bolan ýagdaýynda, müşderi gaplamak we saklamak hyzmatlaryny sargyt edip biler, bukjanyň ýa-da beýleki ýollamalaryň ýerleşýän ýerini yzarlap biler.

Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin (+993 12) 92 14 95 belgi arkaly Türkmenpoçtanyň çaparçylyk gullugyna ýüz tutup, çapary öýüňize çagyrmaly ýa-da Çapar ykjam programmasyny ýükläp almaly (Google Play we App Store-da elýeterlidir). Eltip bermegiň bahasy bukjanyň agramyna, eltip bermegiň tizligine (adaty ýa-da çaltlaşdyrylan) we çaparyň garaşýan wagtyna baglydyr.

Kompaniýa ilata hödürlenýän häzirki zaman poçta hyzmatlaryny kämilleşdirmek we işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän syýasatyna laýyklykda, Çapar ykjam programmasynyň işleýşini gowulandyrmak we giňeltmek boýunça işlerini dowam etdirýär.

Onda türkmenistanlylar Içeri işler ministrliginiň PÝGG-niň jerimelerini, jemagat hojalygy hyzmatlarynyň, Belet Film onlaýn kinoteatrynyň we Älem TV emeli hemra teleýaýlymynyň töleglerini töläp, poçta ibermek üçin çapary çagyrmak, suw sargyt etmek we başga-da köp sanly hyzmatlardan peýdalanyp bilýärler.

Mundan başga-da, ykjam programmada dürli guramalaryň we edaralaryň telefon belgileri bardyr.

Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň işi barada has giňişleýin maglumatlary guramanyň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Çapar — siziň ygtybarly we amatly kömekçiňiz
Türkmenpoçta: jemagat hojalygy hyzmatlarynyň töleglerini tölemek ýeňil we tiz
Türkmenpoçtanyň täze hyzmaty türkmenistanlylara ýurduň medeni durmuşy bilen tanyşmaga we dynç alşy guramaga kömek eder
Indi Çapar ykjam programmasy arkaly Türkmenistandaky Aydym.com aýdym-saz portalyna ýazylmagyň tölegini tölemek mümkin
“Älem TV” kartlary “Türkmenpoçtanyň” bölümlerinde satylyp başlandy
Türkmenpoçta kompaniýasynyň gapydan-gapa çaparçylyk hyzmatynyň artykmaçlyklaryna baha beriň