Türkmenpoçtanyň täze hyzmaty türkmenistanlylara ýurduň medeni durmuşy bilen tanyşmaga we dynç alşy guramaga kömek eder

Türkmenpoçtanyň täze hyzmaty türkmenistanlylara ýurduň medeni durmuşy bilen tanyşmaga we dynç alşy guramaga kömek eder

Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň geljekki meýilnamalarynda Çapar köpugurly ykjam programmasyny ulanyjylara ýurduň medeni durmuşynda bolup geçýän wakalar bilen tanyşmaga we öýden çykmazdan, islendik döredijilik çäresine konsertlere, film görkezilişlerine, spektakllara, sergilere we beýlekilere petek satyn almaga mümkinçilik berýän täze hyzmaty ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Çapar ykjam programmasynyň Bildirişler bölüminde özüňizi gyzyklandyrýan wakalary saýlamak mümkindir, bu ýerde dürli meýdançalarda, şol sanda stadionlarda we konsert zallarynda geçiriljek çäreleriň senesini we wagtyny görkezýän hem-de petekleriň elýeterliligi barada maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Täze hyzmat häzirki wagtda synagdan geçirilýär. Ulanyjylara amatlylyk üçin petekleriň tölegi Altyn Asyr bank kartlary arkaly amala aşyrylar, bu bolsa töleg amallarynyň howpsuzlygyny we ýeňilligini üpjün eder.

Täze hyzmat we ony ulanmagyň şertleri barada has anyk maglumatlary 075 belgä jaň edip alyp bilersiňiz.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Çapar ykjam programmasynyň köp sanly hyzmatlarynyň hatarynda Aydym.com aýdym-saz portalyna ýazylmak, Älem TV-niň hem-de Belet Film onlaýn kinoteatrynyň kartynyň hasabyny doldurmak mümkinçilikleri göz öňünde tutulandyr.

Çapar ykjam programmasy Google Play и App Store-da ýükläp almak üçin elýeterlidir.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Çapar — siziň ygtybarly we amatly kömekçiňiz
Türkmenpoçta: jemagat hojalygy hyzmatlarynyň töleglerini tölemek ýeňil we tiz
Gapydan gapa çaparçylyk hyzmaty: Türkmenistanyň ähli ýerine ýollamalary ibermek we almak aňsat hem-de ýönekeý
Indi Çapar ykjam programmasy arkaly Türkmenistandaky Aydym.com aýdym-saz portalyna ýazylmagyň tölegini tölemek mümkin
“Älem TV” kartlary “Türkmenpoçtanyň” bölümlerinde satylyp başlandy
Türkmenistanyň Mary welaýatynda döwrebap poçta hyzmatlary ýola goýulýar