Bagtsyzlygyň bagty

Dilim gursun, “Balyk başyndan porsar” diýip, nebir Arkadag propagandasynyň içine nemetdim.Nemedenim hem owarram diýsem, myhman ýerimde oturanlaryň içinde ümsüm edaranyň hem adamy ýa adamlary bar eken.

Soň düşünip otursam “Arkadagyň ozal neşekeşligiň soňuna çykyşy ýaly, indi parahorlugyň hem soňuna çykajagyna şek ýokdugy” baradaky gürrüň meniň üçin gurlan duzak eken.Samsykdygymy gör-ä, neşekeşlik öňki prezidentiň ulanan syýasy pirimi, ol şeýdip adamlary syýasata eli degmez ýaly etdi, hem neşekeşlik, hem mugtçulyk bilen ýoldan azaşdyrdy, ikisem biri-birinden ýaman duzak” diýip, öz pikirimi düşündirjek bolýan.

Myhmançylykdan çykyp, iki ädimlikdäki öýüme ýetmänkäm, ümsüm edaranyň adamlary ýoldan gapyp aldylar. Görmedik zadym däl, birsellem akyl berip, ýene goýbererler diýip, özüme göwünlik berdim. Emma bu gezekki söhbetdeşlik üýtgeşik boldy. Olar bu gezek ne gowy we erbet polisiýa oýnuny oýnadylar, ne-de “biz seni sylaýas, emma ýokardan tabşyryk bar, şondan gürleşýäris” diýip sypaýyçylyk etdiler.

Uzyn gepiň gysgasy, olar: “Biz Arkadagyň korrupsiýany we parahorlugy ýok etjekdigine ynanmaly, başga ýol ýok” diýdiler. “Ol neşekeşlik ýaly belany togtatdy, ýogsa neşe türkmeniň genefonduny ýok edip barýardy” diýip, gözme barmaklaryny sokaýjak boldular.

Men, keçjallygym gursun, “indi giç, ýurt tutuşlygyna korrupsýa çümdi, adamlar onsuz ýaşap bolar öýtmeýärler” diýdim.

Olar bir-biriniň ýüzüne seretdiler-de, “Bolmady.Sizi Gahryman şahyr bejergisine’ geçirýäris” diýdiler. Şondan soň meni ýerzemindäki bir otaga eltdiler, egnime ruhy hassa adama geýdirilýän ak, ýeňi uzyn, berk matadan tikilen halat geýdirip, onuň ýeňini daşymdan aýlap daňdylar-da, uly telewizion ekran goýlan diwara bakdyryp oturtdylar.

Her gapdalymda iki sany daýaw, ak halatly adam durdy.Olaryň biri jübüsinden pult çykaryp, onuň düwmelerine basyşdyrdy.Ekranda gara sahypada ak harplar bilen “Gahryman şahyr bejergisi” diýen ýazgy peýda boldy.

Men güldüm, emma ir gülen ekenim.Ekranda gahryman şahyryň reňke boýalan gartaň, mürrük ýüzi peýda boldy… Men ony görmejek bolup, gözlerimi ýumdum.Emma ol gürläp başlanda, gulaklarymy dykyp bilmedim, sebäbi ellerim halat bilen daňylgydy.

“Hemmäňizi berkararly, bagtyýarly, gahryman, mähriban arkadagly döwrümiziň gujagynda hoş gördük! Mertleň merdini, ägirtleň ägirdini, jomartlaň jomardyny göreňde, söz zybanyna daýanýar. Oňa diňe goşgy hötde geläýmese, mähribanlar” diýip, Garyman şahyr gürläp başlady. Men ýene gülen bolup ýeňjek boldum.

“Arkadag nazary allaň nazary, ol size düşendir mähribanlar, ondan ýokary zat ýokdur, iň uly döwletliligem, barlygam, baýlygam, rysgalam, döwletem şondadyr, mähribanlar, şoň üçin asuda, abadan günleriňiziň gadyr-gymmatyny biliň, ezizler” diýip, Gahryman şahyr nutugyny dowam etdi.

Men, Gandiniň aýdyşy ýaly, indi gülmän, gaharlanyp başladym. “Öz ynanmaýan zadyňyza ili ynandyrjak bolýaňyz, il şeýle samsykdyr öýdýäňizmi? Ol size gülýär” diýip, sesime bat berip gygyrdym. Ýanymda duran adamlar ýylgyryp, Gahryman şahyryň ekrandan gelýän sesini gataltdylar.

“Gahryman arkadagymyzda adalatly nazar bardyr, özüňizi, haýsy bir kärde bolsa bolsun, tapawudy ýok, görkezibilseňiz, şol adalatly nazara ilibilýänsiňiz. Şoň üçinem sylag alanlaň hemmesini men gyzgyn gutlaýan, mähribanlar...”

Men dişimi gyjap gygyrdym: “Göroglyň atyny ogurlan kempir, türkmeniň wagtyny ogurlama, bagtyny ogurlama!”

Ýanymda duran iki adam loh-loh’ edip güldi-de, ýene ekrandan gelýän sesi gataltdy.

“Bu otlardan, gök başlardan özüň melhem, arkadag.

Bu daglardan, bu daşlardan özüň merdem, arkadag...”

Men ýene, aç arslan ýaly, dişimi gyjap gygyrdym. Emma gahryman şahyryň sesi ýene meniň sesimi basdy:

“ …özüň mergen arkadag,

Bu janlara, bu janyma, özüň berlen, arkadag.

Zybanyňda söz sungatyň, özüň eser arkadag,

Söýgüde gördük gudratyň, özüň heser, arkadag!”

Men böküp turup, ekrany döwmek isledim, emma egnimden dört el bilen aşak basdylar.

“Jygadaky altyn täjiň bagta gelgen, arkadag,

Seni bize beren güýjüň mähri-merýem, arkadag,

Bu sonarly sähralardan özüň seleň, arkadag,

Däli silli derýalardan özüň tereň, arkadag,

Bu maýsaly bossanlardan özüň erem, arkadag…”

Men ýene bokurdagyma zor salyp gygyrdym, emma olar ýene ses gataltma taktikalaryny ulandylar:

“Geriş-geriş bu daglardan, özüň kerem, arkadag.

Ýalkym salýan, bize bakýan, asman-serem, arkadag,

Öňde-soňda bagra basýan zemin, ýerem arkadag.

Döwrüň ýaşanyma deger, dünýäň derek, arkadag,

Janymdanam, bilgil jiger, özüň gerek, arkadag...”

“Bu öňki prezidente hem, sen ölseň, bir günem ýaşaman’ diýýärdi, indi muňa sen maňa janymdanam gerekli’ diýýär, prezidenti oýnaýar bu aýal, beýle oýnatgylyk bolmaz, aýdyň hormatlyňyza, düşündiriň, düşündirjek boluň, il gülýär oňa! Heý, beýle dereje-de oýnatgylyk bolarmy? Bu oýnatgylykdan geçdi, kemakyllyk derejesine bardy indi’ diýip gygyrdym. Olar ýene ekrandan gelýän sesi gataltdylar.

“Hormatly prezidentimiziň, gahryman arkadagymyzyň ömri uzak bolsun, juwan bolsun, şo ýaşlykda türkmeniň şu günki ajaýyp döwri bardyr, döwrany bardyr, ertiri bardyr, ajaýyp geljegi bardyr, mähribanlar” diýip, şahyr aýal sözüni soňlady.

Men bä, ahyry soňy geldi-aýt’ diýip begendim.Emma ýene ir begenen ekenim: olar onuň nutugyny ýene gaýtalap eşitdirdiler.Ikinji gezek, nutugyň soňuna gelende, ýene begendim, emma ony üçünji, dördünji… gezek hem diňlemeli boldum.

Soňbabaka halys ýadandyryn-da, diňläp oturan ýerimden irkilmäge, ymyzganmaga başaldym.Emma olar meni her gezek yralap oýarýardylar.Bir görsem, oturan ýerimi ölläp otyryn.Agym tutdy, emma dişimi gysdym.

Megerem soňky ýigrimi ýylda birinji gezek bir ýagdaý ozal hiç gadyryny bilmedik zadym her näçe diktatura, her näçe samsyk şahsyýet kulty bolsa-da, öýümde şa bolup ýaşandygym, sebäbi olar hakyndaky samsyk propagandany diňlemän bilendigim barada pikir etdim.

Ýok, men diňe öz bagtym däl, iliň bagty hakynda hem pikir etdim, sebäbi il-gün hem öýünde bu samsyk propagandany, satlyk şahyrlaryň we žurnalistleriň iki şaýy üçin aýdýan ýalan sözlerini diňlemän, ýa diňlän zatlaryna gülüp ýaşaýardylar…

Aýalymyň aýtmagyna görä, meni üç gije-gündiz ýitirim bolanymdan soň, gije öýümiziň gabadynda balagymy hapalan ýagdaýda tapypdyrlar.Men ilki özüme näme-nämeleriň bolanyny hiç ýadyma salyp bilmedim.

Emma bir hepde soň, telewizory açyp, gahryman şahyryň sesini eşidemde bara gören jebri-jepam güpbe ýadyma düşdi.Derrew baryp, TW-ni ýapdym. Öňde-de bir nakylda aýdylyşy ýaly, bagtsyzlygym maňa bagtyma düşünmäge kömek etdi: men öýde olaryň sesini sem edip bilýärdim.

Diňe men däl, iň gary-pukara adamlaram öýlerinde olaryň sesini, nadara gykylygyny, ýalançylygyny… sem edip bilýärdi.Bu pikir maňa “gahryman şahyr, gahryman arkadag’ batgalygyndan ahyry bir gün çykjagymyza, aman galjagymyza umyt berdi.

Wäşi Köşüli, Aşgabat

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen
Türkmenistanyň welotrek boýunça ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçy bellenildi, Aşgabatda Russiýanyň sirk artistleriniň çykyşlary dowam edýär, Türkmenistan Azerbaýjana iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrdy we beýleki habarlar
Ýylyň zenany bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Türkmen samboçylary 39 medal gazanmagy başardylar
25.09.2017 | Türkmen ýygyndy toparynyň ýeňişleri