Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçy bellenildi, Aşgabatda Russiýanyň sirk artistleriniň çykyşlary dowam edýär, Türkmenistan Azerbaýjana iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrdy we beýleki habarlar

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçy bellenildi, Aşgabatda Russiýanyň sirk artistleriniň çykyşlary dowam edýär, Türkmenistan Azerbaýjana iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrdy we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow podpolkownik Amanmuhammet Sazakowy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine belläp, ony bu gullugyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutany degişli Permana Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda gol çekdi.

2.Aşgabatda Wernadskiý şaýolundaky Moskwanyň uly döwlet sirkiniň hem-de Reňkli bulwardaky Nikulin adyndaky Moskwa sirkiniň artistleriniň çykyşlary tomaşaçylary işjeň çekmek bilen üstünlikli dowam edýär.Tomaşa gimnast-darbazlar Ýekaterina we Waleriý Swežowlaryň tolgundyryjy çykyşy bilen açylýar.

Tomaşaçylar olaryň çykyşyny şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylaýarlar.Baýram Agaýewiň aýyjyk bilen ýerine ýetiren çykyşy hem hemmeleriň göwnünden turdy. Çaýşyk daban artist baş öwredijiniň ähli buýruklaryny takyk ýerine ýetirdi, ahyrda bolsa ýadap, penjelerini biri-biriniň üstüne atyp, kürsüde oturdy.

3. 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda Azerbaýjan satyn alynýan türkmen tebigy gazynyň möçberini 398,87 million kubmetre çenli artdy. Azerbaýjanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň berýän maglumatlaryna laýyklykda, bu importyň bahasy 59,18 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy, bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,8 esse köpdür.

4. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2023-nji ýylyň 18 20-nji awgusty aralygynda Gandinagarda geçiriljek India Medtech Expo 2023 sergisine gatnaşmak üçin çakylyk aldy. Bu Aziýanyň lukmançylyk, saglygy goraýyş we derman senagaty pudaklaryndaky täze tehnologiýalara bagyşlanan iň iri çäresidir. Sergä 25 ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň dürli pudaklaryndan, azyndan, 500 kompaniýanyň we 10 müňden gowrak myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýar.

5. 2023-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň banklary tarapyndan berlen karzlaryň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,1%, karz edaralarynyň gazanan peýdasy bolsa 1,7% ýokarlandy.

Aýratyn hem döwlete dahylly bolmadyk pudaga, fiziki şahslara, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berilýän karzlaryň we ippoteka karzynyň möçberi işjeň artdy.Bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Toýly Mälikow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berdi.

Dünýäde

6.ABŞ-niň Garward uniwersitetiniň alymlary adam bedenine garramak prosesini tersine öwürmäge ukyply bolan dermany tapandyklaryny aýdýarlar.Barlagyň awtorlarynyň biriniň bellemegine görä, synaglar diňe adamyň öýjükleri ýerleşdirilen laboratoriýa syçanlarynda geçirildi, ýöne eýýäm indiki ýylda adamlarda synaglar geçirilip başlanar.

Dermanyň düzüminde ýaşardyjy täsirini birnäçe ýyllap saklap biljek alty sany himiki birleşme saklanýar.Dermany döredijileri onuň kömegi bilen diňe bir garramagyň daşky täsirleriniň däl, eýsem, ýaşyň ulalmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan köp sanly keselleriň hem aradan aýrylmagyny umyt edýärler.

7.Samsung koreýa kompaniýasy diagonalynyň ölçegi 98 dýuým bolan we 8K durulykly (7680X420) Neo QLED tapgyrly äpet telewizory tanyşdyrdy.QNC990 telewizory aşakdan yşyklandyryş we lokal garaňkylyk ulgamyna eýedir, bu bolsa tomaşa edilýän filmleriň kinematografiýa has ýakyn bolmagyny üpjün edýär.

Ekran şöhlelenmä garşy (antiblik) gatlak bilen örtülendir we 8K-dan pes durulykly wideolary hem ulaldyp, şekiliň hilini ýokarlandyrmak mümkinçiligine eýedir.Täze önüm häzirlikçe diňe Koreýanyň dükanlarynda 39 müň dollar bahadan satylýar.

Sport habarlary

8.Tomusky arakesmeden soň Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň 31-nji çempionaty dowam edýär.Bu ýyl çempion diýen derejäni geçen ýyl çempionatda ýeňiji bolan Änewiň Ahal topary ilkinji gezek goraýar.

Birinji aýlawyň netijeleri boýunça Arkadag futbol topary 8 duşuşykda 24 utuk toplap, çempionatyň sanawynda öňdäki orunda barýar.Ikinji orunda Altyn asyr barýar, Nebitçi bolsa ilkinji üçlügi jemleýär. Çempionyň ikinji tapgyry 4-nji awgustda başlanar.

9. Guşakly göreş boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Astanada geçirilen dünýä çempionatynda ajaýyp netije görkezdiler. 30 ýurtdan iň ökde türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen abraýly ýaryşda türkmen topary dürli derejeler boýunça 11 medal gazandy. Olar: 4 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç. Guşakly göreş boýunça türkmen pälwanlary ýokary ussatlyk we ruhy taýdan durnuklylyk görkezip, bu sportuň dünýädäki liderleriniň biridiklerini tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Uly ýigrimiligiň sammiti: ýatda galyjy wakalar
Mahatma Gandiniň heýkeli açylar
BMG-niň ştab-kwartirasynda Gandiniň heýkeli açylar
Ukrainadan Goňşy Ýurtlara Geçen Bosgunlaryň Sany 2 Milliona Ýetdi
Prezident saýlawlaryna täze üç dalaşgär hödürlenildi