Türkmenistanyň welotrek boýunça ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar

Türkmenistanyň welotrek boýunça ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar

Türkmenistanyň welosport boýunça milli ýygyndysy şu ýylyň 18 ― 22-nji iýuny aralygynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçiriljek trek boýunça Aziýanyň çempionatyna gatnaşar. Bu barada Нейтральный Туркменистан gazeti habar berdi.

Ýaryş Indira Gandi adyndaky sport toplumynda geçiriler.

Yklym ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Mahmut Aşyrow, Bekzot Açylow, Gadam Köşüliýew, Şirmyrat Agaýew, Orazgeldi Çaryýew, Soltanbaý Haýytbaýew, Şageldi Annageldiýew, Berdimyrat Ýazyýew, Jennet Gylyçdurdyýewa we Sewinç Gutlymyradowa dagylar wekilçilik eder. Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Nargeldi Igdirow, gözükdiriji we welomehanigi Ýewgeniý Şokindir.

Ýaryşyň dowamynda türkmenistanly türgenler sprint, git (1000 metr aralyga), keýrin, toparlaýyn çykyş, utuk, skreç we omnium boýunça çempionlyk üçin göreşerler.

Yklym ýaryşynda biziň türgenlerimiziň medal gazanmak mümkinçiligi ýokary diýip, trek boýunça tälimçi Igor Ýoldaşow neşiriň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy yklym ýaryşyna Aşgabatdaky Welotrek binasynda taýýarlyk görýär. Şol bir wagtda türkmenistanly türgenleriň dünýä çempionatyna we Dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşa hem taýýarlyk görýändigini nygtmaka gerek.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen
Bagtsyzlygyň bagty
Türkmenistanly welosportçular Gökderede türgenleşýär
Türkmenistanyň welosport boýunça milli ýygyndysy Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlanýar
Aşgabadyň we Daşoguzyň raýatlarynyň teklipçi toparlary Prezidentlige dalaşgärini hödürlediler