Dünýä habarlary gysga setirlerde

Ulaglaryň sany 1,4 milliarda ýetdi. BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy

(ÝUNEP) tarapyndan taýýarlanan maglumatda soňky ýyllarda dünýäde awtoulaglaryň sanynyň artyp, 1,4 milliarda ýetendigi mälim edilýär.Bu görkezijiniň 2040-njy ýyla çenli 2 milliarda ýetmegine garaşylýar.Awtoulag eýeçiliginiň, esasan, Aziýa, Afrika we Günorta Amerika ýurtlarynda artjakdygy çaklanylýar. Şeýle hem maglumatda soňky ýyllarda dünýä ýurtlarynyň ulaglaryň ýangyjy üçin täze ülňüleri girizýändigi bellenildi. Şeýle çäreler sebitleýin ýagdaýda hem durmuşa geçirilýär. 15 agzasy bolan Günbatar Afrika ýurtlarynyň ykdysady bileleşigi (ECOWAS) indiki ýylyň ýanwar aýyndan başlap, ulaglaryň ülňülerini we ýangyjynyň arassa bolmagyny kesgitleýän täze düzgüni güýje girizýärler.

Aýda suw tapyldy.ABŞ-nyň aerokosmos edarasy (NASA) Aýda suw tapylandygyny habar berdi.Az mukdardaky suwuň Stratospheric Observatory for Infrared Astronomy taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylan gözlegiň netijesinde Aýyň ýagty tarapyndan tapylandygy mälim edildi.

NASA-nyň Astrofizika bölüminiň direktory Pol Hertz: Aýyň ýagty tarapynda H2O, ýagny adaty suwuň alamatlaryny tapdyk.Indi ol ýerde suwuň bardygyny bilýäris diýdi.Ylmy-barlag barada taýýarlanan maglumatyň awtory Kasi Honniball Aýyň galyň atmosferasynyň ýokdugyna ünsi çekip, Ýeriň hemrasynyň ýagty tarapyndaky suwuň atmosfera garyşmalydygyny, emma muňa garamazdan, ol ýerde suwuň bardygyny görýändiklerini aýdýar.

Tapylan suwuň 340 gramdygy çaklanylýar.Astronomlar köp wagtdan bäri asman jisimlerinde suwuň alamatlaryny gözleýärler.

2035-nji ýylda sany deňleşer.Täze alternatiw energiýa çeşmelerini işläp taýýarlamaga we ulanmaga aýratyn üns berýän Hytaýda elektroulag satuwy barha artýar.Maglumatlara görä, 2035-nji ýyla çenli dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda satyljak ulaglaryň 50 göterimini alternatiw energiýa çeşmelerinden peýdalanýan ulaglar emele getirer.

Häzirki wagtda bu görkeziji 5 göterim töweregi.Görkeziji az hem bolsa, Hytaý dünýäniň iň uly awtoulag bazary hasaplanýar we elektroulag satuwy ýylsaýyn artýar. 2035-nji ýylda satyljak alternatiw energiýaly ulaglaryň 95 göterimini elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar emele getirer.

6,4 metr ganatly guş. 1980-nji ýyllarda Antarktikada tapylan daşa öwrülen guşuň galyndylary 2015-nji ýyldan bäri öwrenilýärdi.Hünärmenler bu galyndynyň 40-50 million ýyl ozal ýaşap geçen, uçup bilýän iň uly guş bolandygyny çaklaýarlar.

Bu guşuň ganatyny açanlarynda, uzynlygy 6,4 metre barabar bolandygy aýdylýar.Bu galyndylar 80-nji ýyllarda Antarktikadaky Simor adasynda geçirilen arheologik gözlegleriň netijesinde tapylypdy.Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleri daşa öwrülen guşuň galyndylaryny birnäçe ýyllap muzeýde goýdular. 2015-nji ýylda bolsa, bu galyndylar ylmy taýdan öwrenilip başlandy.

Ylmy iş barada Scientific Reports atly žurnalda makala neşir edildi.

Howa gatnawlary 68 göterim az bolar.Halkara Awiasiýa Bileleşigi (IATA) şu ýylyň dowamynda halkara howa gatnawlarynyň 2019-njy ýyldakydan 68 göterim az bolmagyna garaşylýandygyny mälim etdi.

Halkara guramanyň ýolbaşçysy Aleksandr de Juniýa 2021-nji ýylda pudagyň girdejisiniň 2019-njy ýyldakydan 46 göterim pes bolmagyna garaşylýandygyny belledi.Geçen ýyl global derejede bu pudagyň girdejisi 838 milliard dollar bolupdyr.

Alty göterim ösüş gazandy. Germaniýanyň ykdysady barlaglar instituty (DIW) ýurduň ykdysadyýetiniň üçünji çärýekde 6 göterim ösüş gazanandygyny mälim etdi. Institut bu ösüş depgininiň dördünji çärýekde azda-kände azaljakdygyny çaklaýar. Dünýäniň öňdebaryjy eksportçy ýurtlarynyň biri bolan Germaniýada kiçi we orta telekeçilige degişli edara-kärhanalaryň köpüsi eksporta iberilýän harytlary öndürýärler.

7 müň 801 göwherden ýasalan ýüzük. Hindistanly bir zergär 6 sany gül gatlagyndan emele gelen we 7 müň 801 göwher bilen bezelen altyn ýüzügi ýasap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Kotti Srikanth bu gymmat bahaly ýüzügi ýasamak üçin bir ýyl zähmet çekipdir. Ussat zergär ýüzügi 2018-nji ýylda ýasamaga başlandygyny, geçen ýylyň awgustynda tamamlandygyny belleýär.

Ýene degişli makalalar

Älem giňişligi bilen bagly hasabat: Marsa gitjek astronawtlaryň ählisi zenanlardan ybarat bolmaly
Patyşalyk pingwinlerine ýok bolmak howpy abanýar
Alymlar: soňky 40 ýylda aýdymlaryň sözleri ýönekeý we birmeňzeş boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dünýädäki iň uly aýsberg eredi
Antarktika we Antarktida