Dünyä Metbugaty Türkiýede Geçirilen Saylawlara Giňden Orun Berdi

Dünyä Metbugaty Türkiýede Geçirilen Saylawlara Giňden Orun Berdi

Ýewropaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri saýlawa bolan 85 göterimlik ýokary gatnaşyga ünsi çekip, türk saýlawçysynyň saýlawa uly gyzyklanma görkezendigini habar berdi.

Britaniýada çap edilýän “Ze Guardian” gazeti, saýlaw hakyndaky habarynda saýlawa bolan ýokary gatnaşyga ünsi çekip “Türkiýede prezident saýlawynyň ikinji tapgyry geçirler” diýip ýazdy.

“Ze Independent” gazeti, çekeleşikli geçen saýlawdan soň netijeleriň ikinji tapgyrda belli boljakdygyna ýer berdi.

Fransuz habarlar ýaýlymy “Frans 24 saýlawyň ikinji tapgyra galandygyny beýan etdi.

Germaniýanyň “Bild” we “Welt” gazetleri hem saýlaw hakyndaky habarlarynda ikinji tapgyra ünsleri çekdiler.

Awstriýanyň döwlet ýaýlymy “ORF” Türkiýedäki saýlawlar bilen bagly habaryny “Türkiýe ikinji tapgyr saýlawlary geçirer” söz başysy bilen okyjylarynyň dykgatyna ýetirdi.

Bolgariýanyň Milli teleýaýlymynyň habarynda-da “Türkiýede geçirilen saýalwlarda Erdogan bilen bäsdeşi Kemal Kylyçdaroglu ikinji tapgyrda bäsleşer. Ikisem birinji tapgyrda prezident saýlawynda üstün çykmak üçin sesleriň gerek bolan mukdaryny alyp bilmedi” diýip ýazdy.

Ispaniýada çap edilýän “El Mundo” we “La Wanguardia” gazetleri saýlawlaryň ikinji tapgyra galmagyna ünsi çeken bolsa, “La Razon” gazeti “Sowalnamalarda görülşi ýaly Türkiýede saýlawlar soňuna çenli çekeleşikli geçdi. Erdoganyň partiýasy Mejlisde köplügi eýeledi. Saýlawa bolan gatnaşyk rekord derejede” diýip ýazdy.

Italiýanyň “ANSA” habarlar gullugy bolsa “Türkiýe ikinji tapgyra gidýär. Erdogan 50 göterimden aşakda” söz başyly habary bilen Türkiýedäki saýlawlary birinji sahypadan berdi.

Belgiýanyň, Gresiýanyň, Estoniýanyň, Polşanyň, ABŞ-nyň, Russiýanyň, Yragyň habar beriş serişdeleri hem Türkiýede geçirilen saýalawlara giň orun berip, prezident saýlawynyň ikinji tapgyra galandygyny ýazdylar.

Ýene degişli makalalar

Erdoganyň Saýlaw Ýeňişi Hakyndaky Habarlara Dünýäniň Gün Tertibinde…
Deňagramlyk gözlegleri. Ukrainada iki ýyl dowam eden uruş Merkezi Aziýany nähili özgertdi?
Türkmen telewideniýesiniň wekilleri Hytaýda iş saparynda boldular
Türkmen telewideniýesiniň wekilleri Tibetde Gimalaýüsti foruma gatnaşdylar
Türkmen telewideniýesiniň wekilleri Hytaýda iş saparynda boldular
Prigožiniň öldürilmegi we netijeleri