Erdoganyň Saýlaw Ýeňişi Hakyndaky Habarlara Dünýäniň Gün Tertibinde…

Erdoganyň Saýlaw Ýeňişi Hakyndaky Habarlara Dünýäniň Gün Tertibinde…

Daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Prezident R. T. Erdoganyň saýlaw ýeňişi hakyndaky habarlara giňişleýin ýer berýär.

İňlis ýaýlym guramasy BBJ, Stambul we Ankara şäherinde raýatlaryň, Prezidentiň kompleksiniň golaýynda we köçelerde Erdoganyň saýlaw ýeňişini gutlamaga başlandygyny ýatlatdy.

Erdoganyň saýlawyň resmi bolmadyk netijeleriniň belli bolmaga başlamagyndan soň Stambul şäherinde halka ýüzlenip çykyş edendigini ýatladan “Ze Guardian” gazeti, Erdoganyň ýene-de 5 ýyl möhlet bilen ýurdy dolandyrjakdygyny ýatlatdy.

Türkiýede ýary gijä çenli dowam eden saýlaw ýeňişi baradaky çärelere ýer beren “CNN”, Prezident Erdoganyň balkon çykyşyna bolan gyzyklanma ünsi çekdi.

ABŞ-nyň köp tiražly “Nýu-Ýork Taýmes” gazeti, saýlaw hakyndaky habarlara giňişleýin ýer berdi.

“Ze Woll Street Žornal” gazetiniň internet saýtynda bolsa “Ýurduň häkimiýetiň başynda iň köp galan lideri, 2-nji tapgyrda bäsdeşini ýeňdi” diýip ýazdy.

Germaniýanyň “ARD” we “ZDF” kanallary hem Türkiýedäki saýlawyň netijeleri hakyndaky habarlara giňişleýin ýer berdi.

Fransuz “Le Monde” gazeti, Prezident Erdoganyň gaýtadan prezidentlige saýlanandygyny ýazdy.

Italiýada çap edilýän “Korriere della Sera” gazeti, Prezident Erdoganyň saýlawyň 2-nji tapgyrynda 52 göterim ses alyp gaýtadan prezidentlige saýlanandygyny habar berdi.

Ispaniýanyň “La Wanguradia” gazeti, saýlaw habaryny “Erdogan ýene-de 5 ýyl häkimiýetiň başynda” söz başysy bilen okyjylarynyň dykgatyna ýetirdi.

Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzstan, Özbegistan we Türkmenistan, Türkiýede geçirlen Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyry bilen ýakyndan gyzyklandy we R. T. Erdoganyň gaýtadan prezidentlige saýlanmagy hakyndaky habarlara giňişleýin ýer berdi.

Ýakyn Gündogaryň we Günorta gündogar Aziýa ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem saýlaw habarlaryna giňişleýin ýer berdi.

Alžiriň, Tunisiň, Eýranyň, Yragyň, Ysraýylyň, Liwiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Kataryň, Saud Arabystanynyň we Kuweýdiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem Ýokary saýlaw geňeşiniň beýan eden resmi bolmadyk netijelerine görä, düýn geçirlen saýlawda sesleriň 52,14 göterimini alyp gaýtadan prezidentlige saýlanan Erdoganyň saýlaw ýeňişi hakyndaky habarlara giň ýer berdi.

Ýene degişli makalalar

Dünyä Metbugaty Türkiýede Geçirilen Saylawlara Giňden Orun Berdi
Deňagramlyk gözlegleri. Ukrainada iki ýyl dowam eden uruş Merkezi Aziýany nähili özgertdi?
Kuleba Hytaýdan Töwellaçy Bolmagyny Isledi
Hytaý: "Russiýa bilen söwda gatnaşyklarymyzy dowam etdireris" diýdi
ABŞ Russiýa Hytaý Bilen Gatnaşyklar Boýunça Duýduryş Berdi
Amir Abdullahian Hytaýyň Daşary işler ministrini Hytaýyň Täze ýyly bilen gutlady