Dünýä Türkmenleri: Amerikan alymy Türkmenistan ýatlamalary, türkmen dili we 'türkmençilik' barada

Dünýä Türkmenleri: Amerikan alymy Türkmenistan ýatlamalary, türkmen dili we 'türkmençilik' barada

Şu wagta çenli Günbataryň abraýly ylmy-barlag töwereklerinde Türkmenistan barada iňlis dilinde az sanly ylmy iş, ýa-da ylmy makalalar ýazyldy.Düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Central Asian Insights” geňeşdarlyk guramasynyň esaslandyryjysy, Kaliforniýa ştatyndaky Harby-deňiz ýokary okuw mekdebinde we ABŞ-nyň Daşary işler institutynda talyplara sapak beren professor Wiktoria Klement (Dr.

Victoria Clement) ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen medeniýetini, jemgyýetini, türkmen syýasatyny, türkmen döwletliligini öwrendi.Birleşen Ştatlaryň Pitsburg uniwersitetiniň neşirýat gullugy 2018-nji ýylda Klementiň awtorlygynda Türkmen bolmagy öwrenmek: sowatlylyk, dil we häkimiýet 1914-2014 kitabyny çap etdi.

Merkezi Aziýa meseleleri boýunça ekspert garaşsyzlyk ýyllarynda bir döwür Türkmenistanda, türkmenleriň arasynda ýaşady, türkmen medeniýetini, türkmençiligi ýakyndan, içinden öwrendi.

Azatlyk Radiosy türkmen döwletliligini ýakyndan öwrenen alym bilen söhbetdeşlik geçirdi. Dünýä Türkmenleriniň şu sany amerikan alymy, taryhçy we ýazyjy Wiktoria Klement bilen türkmen dili, türkmençilik we Türkmenistanyň dil syýasaty barada elektron hat arkaly geçirilen söhbetdeşligi hödürleýär.

Azatlyk Radiosy: Ilkinji nobatda, biz, sözümiziň başynda, elektron hat arkaly geçirilen interwýuda, wagt tapyp, biziň soraglarymyza jogap beren professor Wiktoria Klemente minnetdarlyk bildirýäris!

Türkmen medeniýeti, jemgyýeti, türkmen syýasaty, umuman, türkmen döwletliligi barada iňlis dilinde ýazylan birnäçe ylmy makalanyň awtory bolan, şeýle-de 1990-njy ýyllaryň aýaklarynda we 2000-nji ýyllaryň başlarynda Türkmenistanda ýaşan hem-de Türkmen bolmagy öwrenmek: sowatlylyk, dil we häkimiýet 1914-2014 kitabyny ýazan awtor bilen geçirilen söhbetdeşlik, biziň diňleýjilerimiz üçin seýrek mümkinçilik bolar. Gepleşigimize gatnaşýanyňyz üçin örän şatdyrys!

Meniň berjek ilkinji soragymyň biraz şahsyrak eşidilmegi mümkin, ýöne bu siziň Türkmenistanda başdan geçiren şahsy tejribeleriňiz barada bolar. Siz ilkibaşda türkmenleriň arasynda ýaşap başlanyňyzda, bu sizde nähili täsir galdyrdy, şeýle-de, soňky sapar Türkmenistandan gaýdanyňyzda nähili duýgulary başdan geçirdiňiz? Siz heniz hem Türkmenistanda galan türkmen dostlaryňyz bilen aragatnaşyk saklaýarsyňyzmy?

Wiktoria Klement: Men türkmençäni 1993-nji ýylda [Birleşen Ştatlardaky] Indiana uniwersitetinde öwrenip başladym, şonda ilkinji mugallymym Ejegyz mugallymyň üsti bilen, türkmen medeniýeti bilen birneme tanyşlygym bolupdy.Ol biziň synpymyza diňe bir dili däl, eýsem, däpleri hem öwredýärdi, ol bizi türkmen däpleri we baýramçylyklary bilen tanyşdyrdy. 1997-nji ýylda türkmenleriň arasynda ýaşap başlanymda mende galan ilkinji täsirler olar örän mylakatly we myhmansöýer adamlardy.

Men şol döwürlerde türkmençe az bilenem bolsam, meni mähirli kabul etdiler, men ol wagtlar has köp rus dilinde we türk dilinde gürleýärdim.Taksi tutanymda, sürüjiler myhman töleg tölemeli däl diýip, maňa taksi tölegini töletdirmeýärdi. 2001-nji ýylyň sentýabrynda gaýtadan dolanyp baranymda, bu myhmansöýerlik meniň ýaşan maşgalamda maňa görkezilen sahawatlylyk bilen gymmatyny atdyrdy.

Olar hezzet-hormat bilen garşy alyp, maňa türkmen gymmatlyklaryny we etikalaryny öwretdiler.Aradan geçen ýyllarda amala aşyran ençeme saparlarymyň dowamynda, men dürli dostlar we maşgalalar bilen galdym we olaryň, hem açykdygyny, hem-de öz medeniýetlerine buýsanýandyklaryny gördüm.

Olar meniň türkmen dilini öwrenmegime we türkmençilige düşünmegime mümkinçilik döretdiler. Ýöne meniň Türkmenistandaky tanyşlarym diňe türkmenlerden ybarat däl.Men tatar, özbek, gazak we kürt halklaryna-da duş geldim.

Bir kürt taksi sürüjisi meniň özümiň tapyp bilmejek taryhy ýerleri görerim ýaly, meni Aşgabada aýlap, soňundanam meni Bagyrda maşgalasy bilen tanyşdyrdy we, elbetde, gezelenç üçin hiç-hili pul almady.

Men soňky sapar 2019-njy ýylda Türkmenistanda boldum.Köne dostlar bilen görüşmek, täze dostlar edinmek üçin, men yzyma dolanyp baranyma örän begendim.Olar örän aýratyn adamlar we men olar bilen asla gatnaşygy kesmerin diýip, umyt edýärin.

Haçan-da adam ysnyşan ýerini terk edeninde, özüniň haýsydyr bir ýagdaý zerarly, yzyna gaýdyp baryp bilmerin öýdüp, melanholiýa duýgularyny başdan geçirýär.Men Türkmenistany terk edenimde, şony güýçli duýdum.

Men dostlarymyň bala-çagalarynyň ulalanyny görmek üçin, haçanam bolsa bir wagt yzyma dolanyp baryp bilermikäm diýip gyzyklandym.Gaýdan badyma nostalgiýa basmarlady.

Men dostlarym we işdeşlerim bilen habarlaşyp durmak üçin tagalla edýärin. Meniň yzygiderli işleşýän ylmy-barlag kömekçim bar we meniň dil mugallymym Aýna türkmen diliniň inçe syrlary barada heniz hem meniň soraglaryma jogap berýär. Men heniz hem Ylymlar akademiýasynda duşuşan professorlaryma intellektual maslahat sorap, ýüz tutýaryn.

Azatlyk Radiosy: Biz söhbetdeşligi türkmen kimliginde, türkmençilikde türkmen diliniň ähmiýeti baradaky gürrüň bilen dowam etdirmek isleýäris.Makalalaryňyzyň birinde siz şeýle diýýärsiňiz: “Türkmenler umuman dilleri gymmatly görýärler, ýöne olaryň öz türkmen dili olaryň häzirki zaman taryhynyň agramly böleginiň merkezinde boldy”.

Türkmenistanda şahsyň türkmen kimliginiň, türkmençiliginiň kesgitlenilmeginde türkmen dili nä derejede ähmiýetli bolup durýar?Meselem, türkmenleriň arasynda arassa türkmen dilinde gürleýän etniki özbegiň ýa-da etniki bulujyň türkmen hasaplanmaýan halatlaryna duş gelse bolýar.

Meniň bu ýerde aýtjak bolýan zadym, türkmen dili elmydama adamyň türkmen kimligini ýa-da türkmençiligini kesgitlemän bilýar.Eger şeýle bolsa, türkmen dili türkmen kimligi we türkmençilik babatda nä derejede ähmiýetli bolup durýar?

Wiktoria Klement: Meniň tejribämden görnüşine görä, etniki türkmenleriň hemmesi türkmen dilinde geplemeýär, olaryň käbirleri, azlygam bolsalar, diňe rus dilini bilýär.Olar şonda-da türkmen.Munuň tersine, türkmen milletine degişli bolmadyk käbir adamlar (Türkmenistanda ýaşaýan kürtler, buluçlar ýa-da tatarlar) türkmen dilini bilýärler.

Olar, megerem, kürt dilini, buluç dilini, ýa-da tatar dilini hem bilýändirler. Şeýle-de, şu günki gün Türkmenistanda türkmen bolmadyk kimlikleri hormatlamaga, sarpasyny tutmaga orun bolanda, meniň pikirimçe, bu halklar hem türkmen däl adamlar hökmünde öz etniki kimliklerini berjaý etmäge gyzyklanma bildirerdiler.

Dil adamyň kimligini kesgitleýän ahyrky kesgitleýji däl, ýöne bu möhüm kesgitleýjileriň biri bolup biler.

Şeýle diýmek bilen, men türkmen kimliginde türkmen diliniň möhümdigine berk ynanýaryn.Men muny, bölekleýin, uzak ýyllaryň dowamynda türkmenleriň arasynda şaýat bolan garaýyşlarym we buýsanç duýgulary bilen esaslandyrýaryn.Men kimdir birini suratlandyrmak üçin [iňlis dilinde] “Turkmen” adalgasyny ulananymda, ýa-da “Turkmen-ness” adalgasyny ulananymda, men türkmen dilinden terjime edýärin: “Turkmen” “türkmençe” manysyny aňladýar, “Turkmen-ness” bolsa, “türkmençilik” sözünden gelip çykýar.

Meniň duş gelen we özüni türkmen hökmünde kesgitleýän adamlaryň aglabasy üçin, dil, ýagny türkmen dili olaryň kimliginiň möhüm elementi bolup durýar.Aslynda, men muňa türkmençiligiň esasyny emele getirýän düzüm bölegi hökmünde garaýaryn.

Megerem has möhümi, umumy diliň, edebi diliň döredilmegi türkmen milletiniň kemala gelmegi ugrunda möhüm ädim boldy.

Azatlyk Radiosy: Häzirki Türkmenistanda bir asyrdan gowrak wagt bäri umumy dili döretmek ugrunda edilen bimöçber tagallalara garamazdan, türkmen halkynyň arasynda heniz hem bir topar ýerli şiweler saklanyp galýar. Ýurduň esasy maglumat giňişligi, ähli teleýaýlymlar, radio kanallary, mekdeplerdäki okuw kitaplary, ýurtda aragatnaşygyň we maglumatyň beýleki ähli serişdeleri soňky ýüz ýyl bäri kämilleşdirilýän umumy türkmen dilinde, edebi dilde bolsa-da, ýurduň tas her bir sebitinde ýerli şiweler bar, adamlar özara aragatnaşykda köplenç ýerli şiweleri ulanýarlar.

Siziň pikiriňizçe Türkmenistanda giň gerimli umumy türkmen edebi dilini döretmek prosesi şowsuz boldumy? Ýa-da, ýönekeý türkmenler media serişdelerinde ulanylýan umumy türkmen diliniň döredilmegine biparh galdymy?Näme sebäpden media serişdeleriniň dili bilen halkyň diliniň arasynda uly tapawut bar?

Wiktoria Klement: Siziň hem aýdyşyňyz ýaly, umumy türkmen dili soňky 100 ýyl bäri kemala getirilýär.Bu, her bir ýurda, öz halkyny işleýän häzirki zaman jemgyýetde jem etmekde zerur bolan edebi dildir, ýa-da hemmetaraplaýyn we ählumumy dildir.

Bu zerurlykdan orta çykýar we amalda amatlylyk meselesi bolup durýar.Dogry, mekdeplerde we telewideniýede ýurtda gürleşilýän käbir şiwelerden tapawutlanýan gepleşik formasy ulanylýar.Hökümet, mekdepler, býurokratiýa we iş ýerleri işlär ýaly, bitewi bir dil gerek.

Şuňa meňzeş ýagdaýy, meselem, Germaniýada görüp bolýar, mekdeplerde Ýokary nemes dili okadylýar, ýöne Bawariýadan Berline çenli bir topar ýerde ýerli şiweler saklanyp galýar. Ýa-da Angliýada BBC-niň dili Kokniý, Mançester, Jordiý ýa-da beýleki şiwelerden mazaly tapawutlanýar.

Metropolda edebi dilde gürleşilmegi sebitlerdäki şiweleriň gymmatyny gaçyrmaýar.Edebi dil sebit şiweleri bilen sazlaşýar.Sebit şiweleri diňe bir adamyň haýsy sebitden gelendigini, meselem, Mary welaýatyndan, ýa-da Balkan welaýatyndan gelip çykandygyny görkezmän, eýsem, onuň haýsy taýpa degişlidigi barada hem pikir berýär.

[Türkmenistanda] ne töwerekleýin umumy türkmen dilini emele getirmek prosesi şowsuz boldy, ne-de adamlar edebi dile biperwaý galdy.Olaryň çagalary mekdeplerde edebi dili öwrenýärler, ulular iş ýerlerinde edebi dilde gürleşýän bolup biler, raýatlar gazetleri edebi dilde okaýarlar. Ýerli şiweler heniz hem dowam edýär, sebäbi bu mümkin, şeýle-de dialektleriň edebi dil bilen bilelikde barlygyny dowam etdirmegi däp bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Rus dili türkmen jemgyýetinde 140 ýyldan gowrak wagt bäri möhüm rol oýnaýar. Russiýanyň Ukraina çozmagynyň arasynda siz Türkmenistanda rus diliniň statusy babatynda artyş ýa-da azalyş görýärsiňizmi?

Wiktoria Klement: Ukraina çozuşy başlanaly bäri, [Türkmenistanda] rus dili babatynda resmi syýasatda üýtgeşme görmedim.Türkmen we iňlis dilleri bilen bir hatarda, bu dil ýurtdaky üç dil syýasatyna girizilen dilleriň biri bolup durýar.

Rus dilinden peýdalanylmagynyň geljekde artyp biljekdigine yşarat edýän, meniň gazetlerden okan ýeke-täk habarym bu täze türkmen-rus uniwersitetiniň esaslandyrylmagy baradaky gürrüň bolup durýar.Eger şeýle uniwersitet esaslandyrylsa, bu rus diliniň statusyny ep-esli artdyryp biler.

Azatlyk Radiosy: Käbir türkmen dilli sosial media ulanyjylary kämahal Türkmenistanda iş alyp barýan halkara guramalarynyň, ýa-da käbir daşary ýurt missiýalarynyň öz resmi websaýtlarynda, beýanatlarynda ýa-da postlarynda türkmen dilini ýeterlik ulanmaýandyklaryny, ýa-da oňa ýeterlik derejede gadyr etmeýändiklerini aýdyp, şikaýat edýärler.

Hatda şeýle ýagdaýlar hem boldy: haçan-da Türkmenistanda iş alyp barýan bir halkara guramasy boş iş orny barada bildiriş goýanynda, hödürlenýän iş orny üçin rus dilini bilmegi hökmany talap hökmünde şert goşdy, türkmen dili bilinse diňe gowy bolar diýildi, [ýagny türkmen dili hökmany talap hökmünde şert goýulmady]. Şeýle iş orunlary baradaky bildirişler rus dilini ne döwlet hökmünde ne-de resmi dil hökmünde kabul edýän Türkmenistanyň içinde we diňe Türkmenistanyň raýatlary üçin goýulýar. Şeýle bildirişleriň käbirleri degişli websaýtlaryň birinde heniz hem bar.

Rus dili BMG-niň az sanly resmi dilleriniň biri bolup biler, ýöne milli ritorika örän güýçli alnyp barylýan Türkmenistandaky halkara guramalarynyň düzümleriniň we käbir daşary ýurt missiýalarynyň türkmen diline şeýle çemeleşmelerine nähili baha berýärsiňiz?

Wiktoria Klement: Meniň pikirimçe, türkmen diline şeýle çemeleşme jüpüne düşmeýän çemeleşme bolup durýar. Ýolbaşçylary türki dillerde gürläp bilmeýän käbir halkara guramalary tarapyndan maňa aýdylmagyna görä, olarda türkmen diliniň öz gün tertiplerini öňe sürer ýaly ýeterlik derejede baý däldigi barada pikir döräpdir.

Olar türkmen dili halkara kontekstde ulanar ýaly, ýeterlik derejede döwrebap däl diýip pikir edýärler.Olar örän ýalňyşýarlar.Türkmen dili baý, we biz munuň şeýledigini, meselem, haçan-da [Aşgabatdaky] amerikan ilçihanasy öz websaýtynda türkmen dilini ulananda görýäris. Üstesine, diller janly närselerdir.

Olar ösüp bilýärler.Eger-de bir dilde haýsydyr bir düşünje, konsept ýok bolsa, onda neologizmler döredilip bilner, ýa-da beýleki dillerden alynma sözler alnyp bilner.Rus dilinde, meselem, fransuz, german we iňlis dillerinden alnan bir topar alynma sözler bar.

Iňlis dilinde hem bir topar nemes we fransuz sözleri bar.Bu proses diliň ýaşaýyş aýlawynyň adaty bir bölegi bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Soňky wagtlarda Russiýanyň Ukrainadaky urşunyň fonunda, post-sowet Merkezi Aziýada de-koloniallaşma’ we de-komunizasiýa’ tagallalaryna gönükdirilen gürrüňler köpelip başlady. Siz Türkmenistanda şeýle tagallalaryň alamatlaryny görýärsiňizmi?

Wiktoria Klement: De-koloniallaşma tagallalary Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda başlady, ýöne men de-koloniallaşma’ sözi heniz türkmen diliniň sözlügine giňişleýin girip bilendir diýip, pikir etmeýärin.Bu proses ýerleriň we köçeleriň sowet/rus atlarynyň üýtgedilip, türkmen atlarynyň dakylmagy bilen başlady.

Bu ýokardan aşaklygyna edilen tagalla hökmünde başlady, ýöne birnäçe ýyllap dowam etdi we häzir türkmen bolmakda çuňňur buýsanç bar.Meselem, ýigriminji asyryň öwrüminde dilde we bilimde reformalara ruhlanan intellektuallary, jeditçileri dikeltmek, hem-de türkmen dilini baýlaşdyrmak üçin, ýüzlerçe neologizmleriň döredilmegi we diliň sowet mirasyndan uzaklaşdyrylmagy şeýle tagallalara mysal bolup biler.

Bu prosesiň halka ýetirilmeginde “Türkmen dili” gazeti möhüm serişde boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmen ýolbaşçylary Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň, geçen 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň, şol sanda iňlis we rus dilleriniň öwrenilmegini we öwredilmegini goldamakda tanalýar.

Rus dilini öwrenmeklik iş tapmakda ýa-da jemgyýetde statusa kowalaşmakda türkmenler üçin heniz hem peýdaly bolup biler. Ýöne, Türkmenistandaky ýapyklygyň tebigaty zerarly, iňlis dilini öwrenmeklik ýönekeý türkmen üçin, dil öwrenmekden başga, sosial we ykdysady taýdan elmydama bähbit getirmän biler.

Türkmen raýatlary üçin iňlis dilini talap edýän iş mümkinçilikleri ýa-da okuw mümkinçilikleri köp däl.Muňa garamazdan, adamlar iňlis dilini öwrenmäge ýykgyn edýärler, Türkmenistanyň içinde dil merkezlerine ýazylyp, iňlis dilini öwrenýärler. Ýöne, ýaňy hem aýdyşymyz ýaly, iňlis dilinde gürläp bilmeklik dil öwrenýän türkmenleriň aglabasy üçin önjeýli netije bermeýär, iňlis dilini bilmeklik sosial we ykdysady taýdan elmydama peýda getirip durmaýar.

Meselem, Russiýada 30 müňden gowrak türkmen raýaty ýokary bilim alýar.Russiýada okaýan raýatlar üçin rus dilini öwrenmeklik möhüm bolup durýar. Ýa-da meselem, soňky ýyllarda Türkmenistanda köpelýän hökümetçi habar saýtlary haýsydyr bir habary çap edenlerinde rus dilini türkmen dilinden has ileri tutýan ýaly bolup görünýär.

Bu ýagdaý, siziň pikiriňizçe, Türkmenistanda “Rus dünýäsine” tarap süýşülýändigi barada pikir döretmeýärmi?Bu sorag meniň üçünji soragym bilen ilteşikli bolup biler.

Wiktoria Klement: Men bilýän, tutuş Türkmenistan boýunça adamlar özbaşdak dil sapaklaryny alýarlar we bu sapaklaryň köpüsi iňlis diline gönükdirilýär.Bu geň ýagdaý däl, sebäbi iňlis dili uniwersal dile öwrüldi, şeýle-de, iňlis dili Internetiň dili boldy.

Galyberse-de, türkmenlerde bir nakyl bar, şu ýerde şol nakyla salgylanmak ýerlikli bolardy: Dil akylyň açary.Dil diňe bir aragatnaşygyň amaly guraly däl, eýsem ol adamyň akyl-üşügini ösdürýär, pikirleniş örüsini giňeldýär.

Bu ýagdaý islendik diliň öwrenilmegine degişlidir.

Mundan başga-da, türkmenler iňlis dilinde gürleşilýän ýurtlarda ýa-da Gyrgyzystanyň Bişkek şäherindäki Merkezi Aziýanyň amerikan uniwersiteti ýa-da Gazagystanyň Astana şäherindäki Nazarbaýew uniwersiteti ýaly iňlis dilinde bilim berilýän okuw jaýlarynda bilim almaga isleg bildirýärler. Bu sanawdaky iň möhüm ýokary okuw jaýy, iňlis dilinde sapak berýän Aşgabatdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetidir.

Rus dili wajyp dil.Siziň hem belleýşiňiz ýaly, rus dili Birleşen Milletler Guramasynyň az sanly dilleriniň biri bolup durýar, şonuň üçin ony öwrenmeklik peýdaly bolup biler. Ýöne men türkmenler üçin iňlis dilini öwrenmeklik peýdasyz diýlen pikir bilen ylalaşyp bilmeýärin.

Bu, käbir türkmen ýolbaşçylarynyň iňlisçe ukyplarynda görünýär: prezident Serdar Berdimuhamedow we goranmak ministri general-leýtenant Begenç Gündogdyýew, ikisi-de iňlisçe gepläp bilýär, we bu, gürrüňsiz, olaryň işlerinde ýardam berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Salam, Dogan! Aýal-gyzlaryň saýlap-seçmek hakyna kim, näme üçin dawa salýar?
Salam, Dogan!: Eşik düzgüniniň’ zenanlary tabynlyga, dar galyba salýandygy aýdylýar
Gysga aralyga uçar gatnawy gadagan edildi
Dünýä Türkmenleri: Amerikan alymy Türkmenistan ýatlamalary, türkmen dili we 'türkmençilik' barada
W.Klement: Täze ilçiniň bellenmegi ABŞ-nyn Türkmenistandaky bähbitlerine syn salmak mümkinçiligini döredýär