Dünýä ummanyndaky plastik çökündi üç esse artdy

Dünýä ummanyndaky plastik çökündi üç esse artdy

Barselonanyň Awtonom uniwersitetiniň (Ispaniýa) we Daniýanyň Olborg uniwersitetiniň alymlary Ortaýer deňziniň demirgazyk-günbatar böleginden alnan suwasty çökündileriniň düzümindäki plastigiň möçberini ölçediler. Barlaglar plastigiň bölejikleriniň suwuň düýbünde üýtgewsiz ýagdaýda onýyllyklaryň dowamynda saklanýandygyny görkezdi diýip, Environmental Science and Technology neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Suwuň düzüminiň hapalanmagynyň häsiýeti boýunça plastigiň ählumumy önümçiliginiň 1965-2016-njy ýyllar aralygynda nähili özgerendigini anyklamak başartdy. Alymlar 2000-nji ýyldan başlap, suwuň düýbüne çöken plastik bölejikleriň üç esse artandygyny belleýärler. Olaryň möçberi, ýurtlaryň birgideniniň plastik önümleri ulanmagy çäklendirmek babatda tagalla edýändigine garamazdan, artýar.

Çökündileriň düzümi 1980-nji ýyldan başlap, polietileniň we polipropileniň bölejikleriniň artandygyny görkezýär. Olar gaplaýyş materiallarynyň, çüýşeleriň we azyk plýonkalarynyň düzümine girýärler. Şeýle-de geýimde ulanylýan sintetiki süýümlerden bolan poliesteriň hem ösüşi hasaba alyndy. Soňky 20 ýylda plastik zibiliň çökündileri has köp emele gelipdir.

Alymlar suwuň düýbüne çökmek bilen plastigiň çüýremeýändigini, oňa dargamanyň, kislorodyň we ýagtylygyň täsir etmeýändigini aýdýarlar. Zibiliň dagamagy, esasan, suwuň ýüzünde bolup geçýär, emma suwuň düýbünde welin, bu juda az möçberdedir.

Plastik zibil Dünýä ummanynyň ekologiýasyna ýaramaz täsir edýär, onuň suwda ýaşaýan jandarlar üçin howpludygyny subut edýän ýagdaýlar has-da köpelýär. Olary ilkinji nobatda gök kitler ýuwudýarlar, bu bolsa kitler üçin iýmiti özleşdirmekde kynçylyk döredip biler.

Ýene degişli makalalar

Stiw Jobsuň Macintosh kompýuteri auksiona çykaryldy
Türkmendeňizderýaýollary agentligi kanton halkara sergisine gatnaşdy
Türkmenistanda bir sagatda “67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň” metan howa syzdy
Ak Nesil bilim merkezi iňlis dili okuwlaryna güýzki kabul edilişigi yglan edýär
Çekirtgeler dünýäniň azyk howpsuzlygyna howp salyp biler
Science: asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany geljek 18 ýylda 2,5 esse azalar