Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine syn berdi

-Dünýä ykdysadyýetiniň üçden bir bölegi şu ýylyň dowamynda resessiýa, ýagny, haýal ösüşi başdan geçirer – diýip, Halkara Pul Gaznasynyň dolandyryjy direktory Kristalina Georgiýewa çaklaýar. HPG-niň başlygy şu ýyl dünýä ykdysadyýetiniň 2022-nji ýyldaky ýagdaýa garanyňda, ýeňil bolmajakdygyny belledi.

-Çünki ABŞ-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň we Hytaýyň ykdysady ösüşi öňkä görä, haýallaýar, şonuň üçin biz dünýä ykdysadyýetiniň üçden bir böleginiň resessiýa duçar bolmagyna garaşýarys – diýip, Kristalina Georgiýewa CBS teleýaýlymyna beren interwýusynda nygtady.

-Hytaýyň ykdysadyýeti öz ösüşiniň onýyllyklarynda ilkinji gezek şu ýyl ählumumy ösüşe deň ýa-da ondan pes derejede bolar. Pandemiýadan öň Hytaý ykdysadyýeti dünýäniň köp bölegini üpjün edýärdi. Mundan beýläk beýle ýagdaý bolmaz diýip, Georgiýewa belledi.

HPG-niň dolandyryjy direktorynyň pikiriçe, Hytaý ýuwaş-ýuwaşdan ýokary ykdysady ösüş gazanar, bu ýyly pes başlasa hem, iň oňat görkezijiler bilen tamamlar.

Halkara Pul Gaznasy täze başlanan ýylda 2022-nji ýylyň jemleri boýunça 3,2 göterim bolanlygynyň ýerine 2,7 göterim ösüş gazanyljakdygyny çaklaýar.

Ýene degişli makalalar

HPG sanly walýuta platformasyny döretmek üçin Merkezi banklary birikdirýär
HPG garyplyga garşy göreşmek boýunça gaznasynyň maliýeleşdirilmegini artdyrdy
Kristalina Georgiýewa HPG-niň başlygy wezipesine ýeke-täk dalaşgär görkezildi
HPG-niň başlygy ikinji möhlete saýlandy
2023-nji ýylda ykdysady ösüşiň üçden bir bölegi Hytaýyň paýyna düşer
HPG dollardan kem-kemden ýüz öwrülýändigini hasaba aldy
HPG Gazagystanda sebitleýin mümkinçiligi ösdürmek merkezini açdy