Dünýä ykdysadyýetiniň üçden bir bölegi haýal öser

Dünýä ykdysadyýetiniň üçden bir bölegi haýal öser

Dünýä ykdysadyýetiniň üçden bir bölegi şu ýylda resessiýa, ýagny haýal ösüşi başdan geçirer diýip, Halkara Pul Gaznasynyň dolandyryjy direktory Kristalina Georgiýewa çaklaýar.

Interfaks habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, HPG-nyň başlygy bu ýylyň dünýä ykdysadyýeti üçin 2022-nji ýyldaky ýagdaýa garanyňda, nämüçin ýowuz boljakdygyny düşündirdi.

Sebäbi üç iri ykdysadyýet — ABŞ, ÝB we Hytaý birwagtda haýallaýar, şonuň üçin biz dünýä ykdysadyýetiniň üçden bir böleginiň resessiýa uçramagyna garaşýarys diýip, ol CBS teleýaýlymyna beren interwýusynda nygtady.

Kristalina Georgiýewanyň aýtmagyna görä, ABŞ ahyrky netijede resessiýadan gaça durmak başartsa hem, ýagdaý Ýewropada has ýaramaz görünýär, sebäbi ol Ukrainadaky krisizden güýçli ejir çekdi, şonuň üçin Ýewropanyň ýarysy durgunlylyga sezewar bolar.

Hytaýyň ykdysadyýeti ösüşiniň 40 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek 2022-nji ýylda ählumumy ösüşe deňeçerlikde ýa-da ondan pes derejede bolar. Pandemiýadan öň Hytaý dünýä galkynyşynyň 35-40 göterimini üpjün edýärdi. Mundan beýläk beýle ýagdaý bolmaz diýen Georgiýewa häzirki wagtda aziýa ykdysadyýetleri üçin ýeterlik dartgynly wagtyň gelendigini sözüniň üstüne goşdy.

Men aziýaly liderler bilen söhbetdeş bolanymda, olaryň ilkinji berýän sowaly Hytaý nähili bolar? Ol ösüşiň has ýokary depginine gaýdyp bararmy bolýar diýen HPG-niň dolandyryjy direktorynyň pikiriçe, Hytaý kem-kemden ýokary ykdysady ösüşe geçer we ýyly pes başlasa hem, iň oňat görkezijiler bilen jemlär.

Halkara Pul Gaznasy şeýle-de täze başlanan ýylda dünýäde jemi içerki önümiň 2022-nji ýylyň jemleri boýunça 3,2 göterim bolanlygynyň ýerine 2,7 göterim ösüş gazanjakdygyny çak edýär.

Ýene degişli makalalar

HPG-niň başlygy ikinji möhlete saýlandy
Dünýä ykdysadyýetiniň üçden bir böleginiň çökgünlige sezewar bolmagyna garaşylýar
2023-nji ýylda ykdysady ösüşiň üçden bir bölegi Hytaýyň paýyna düşer
HPG dollardan kem-kemden ýüz öwrülýändigini hasaba aldy
HPG Gazagystanda sebitleýin mümkinçiligi ösdürmek merkezini açdy
HPG sanly walýuta platformasyny döretmek üçin Merkezi banklary birikdirýär