Dünýä ykdysadyýetiniň üçden bir böleginiň çökgünlige sezewar bolmagyna garaşylýar

Dünýä ykdysadyýetiniň üçden bir böleginiň çökgünlige sezewar bolmagyna garaşylýar

Dünýä ykdysadyýetiniň üçden bir böleginiň 2023-nji ýylda çökgünlige sezewar bolmagyna garaşylýar. Bu barada Halkara pul gaznasynyň (HPG) dolandyryjy direktory Kristalina Georgiýewanyň ýekşenbe güni CBS-iň "Face the Nation" programmasyna beren interwýusynda aýdanlaryna salgylanyp, "The Guardian" gazeti habar berdi.

HPG-nyň başlygynyň belleýşi ýaly, 2023-nji ýylda köp ýurtlarda ykdysady ýagdaý geçen ýyla garanda has kyn bolar.

“Näme üçin? Sebäbi dünýäniň üç iň uly ykdysadyýeti, ýagny ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we Hytaý, bir wagtyň özünde ýuwaşaýar” diýip Kristalina Georgiýewa aýtdy.

HPG-nyň soňky ýaýradan çaklamasyna görä, şu ýyl dünýä ykdysadyýeti 2,7 göterim öser. 2022-nji ýylda dünýä ykdysadyýeti 3,2 göterim ýokarlanypdy.

Ýene degişli makalalar

HPG-niň başlygy ikinji möhlete saýlandy
HPG: ählumumy ykdysadyýet Ikinji jahan urşundan soňra iň kyn synagy başdan geçirýär
2023-nji ýylda ykdysady ösüşiň üçden bir bölegi Hytaýyň paýyna düşer
HPG dollardan kem-kemden ýüz öwrülýändigini hasaba aldy
Dünýä ykdysadyýetiniň üçden bir bölegi haýal öser
HPG Gazagystanda sebitleýin mümkinçiligi ösdürmek merkezini açdy