Dünýä ýurtlary Gazada hassahana guralan hüjümi ýazgardylar

Dünýä ýurtlary Gazada hassahana guralan hüjümi ýazgardylar

BMG al-Ehli Baptist hassahanasyna garşy guralan hüjümi berk ýazgaryp, asuda ilata we saglygy goraýyş desgalaryna garşy guralýan hüjümleriň bes edilmegi barada çagyryş berdi.

BDSGG-nyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus hüjümi berk ýagdaýda ýazgaryp: "Asuda ilatyň we saglygy goraýyş hyzmatlarynyň gyssagly goralmagy üçin çagyryş berýäris" diýip nygtady.

Tedros Adhanom Gebreýesus Gazanyň demirgazygyndaky hassahanalaryň Ysraýyl tarapyndan ewakuasiýa edilmegi baradaky talabynyň yzyna alynmagyny isleýändiklerini habar berdi.

ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel Ysraýylyň Gazada hassahananyň bombalamagy bilen baglanşykly: "Örän köp sanda adam ýogaldy. Bu ol ýerde ýaşaýan adamlar üçin meýdandaky pajygaly ýagdaýyny görkezýär" diýip belledi.

Şarl Mişel raýat infrastrukturasyna garalýan hüjümleriň halkara hukuga bap gelmeýändigini habar berdi.

ÝB Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasatynyň Ýokary wekili Jozep Borrel Gazadaky hassahana guralan hüjümiň jogapkärleriniň jogap bermelidigini beýan etdi.

ÝUNISEF hassahana guralan hüjümi ýazgaryp, ýaraşyk baglaşylmagy barada gyssagly çagyryş berdi.

Afrika Bileleşigi hem hüjümi ýazgardy we onuň adamzat jenaýatydygyny beýan etdi.

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Gazadaky Al-Ehli Baptist hassahanasyna garşy guralan hüjümi ýazgaryp, şol hüjümiň kabul edilmesizidigini nygtady.

Iordaniýanyň Şasy II Abdullah Ysraýylyň Gaza sektoryndaky Al-Ehli hassahanasyna guran hüjümini elhenç bir harby jenaýat hökmünde häsýetlendirip ýazgardy.

Iordaniýanyň Şasy Ysraýylyň wagşy agressiýasyny gyssagly bes etmelidigini aýtdy.

Palestinada şu günden başlap 3 günlük milli ýas yglan edildi.

Eýranda Ysraýylyň guran hüjüminden soň 1 günlik milli ýas yglan edildi.

Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisi Ysraýylyň Gazadaky hassahana garşy guralan we ýüzlerçe adamyň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümiň harby jenaýatdygyny we sessiz galmajakdyklaryny beýan etdi.

Eýranyň hökümeti hem Yslam ýurtlary başda bolmak bilen halkara jemgyýete Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny kesmek we ilçilerini ýurtdan çykarmak barada çagyryş berdi.

Hassahana guralan hüjümi iň berk ýagdaýda ýazgarýandyklaryny aýdan Liwan hem ýurtda 1 günlik milli ýas yglan etdi.

BAE, Katar, Saud Arabystany, Müsür, Yragyň Kürt Awtonomiýasy, Pakistan, Liwiýa, Alžir, Jibuti, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Ispaniýa, Norwegiýa, Germaniýa, Kuba, Wenesuela, Çili, Kolumbiýa, Somali we başgada dünýäniň ençeme ýurt we halkara guramalar çap eden ýüzlenmelerinde, Gazada hassahana guralan hüjümi ýazgaryp, asuda ilatyň goralmagyny we uruşyň gyssagly bes edilmegini talap etdiler.

Ýene degişli makalalar

Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar
Prezident Erdogana Gutlag Telefonlary Gelmäge Dowam Edýär
Türkiýäniň Strategik Göçümleri Gresiýanyň Gün-tertibinde
Eýran Amerika we Britaniýa Sanksiýa Goýmak Hakynda Karar Kabul Etdi
Nahiçewanda Bolan Partlamada 2 Adam Ýogaldy
Krymda Harby Howa Menzilinde Bolan Partlamada 1 Adam Ýogaldy