Dünýä ýurtlary Türkiyä kömek ugratmaga dowam edýär

ABŞ-nyň Ogaýo ştatyndaky Daýton Ahyska türk-amerikan jemgyýetler merkezi, güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeleriniň täsir ýetiren sebitler üçin ençeme tonna ynsanperwer kömek we nagt pul goldaw ýygnady. ABŞ Musulman guramalary geňeşi hem Türkiyedäki ýer titremeler üçin takmynan 100 million dollar mukdarynda nagt pul kömegini we ynsanperwer kömek ýygnandyklaryny habar berdi.

ABŞ-nyň çar tarapynda Türkiyedäki ýer titremede zyýan çeken adamlara kömek ugradylmaga dowam edilýärkä, Nýu-Jerside we Nýu-Ýorkda ýaşaýan türkler, gapylaryny ynsanperwer kömekler üçin açan türk transport kärhanalaryny doldurdylar.

Kanadada açylan haýyr-sahawat kampaniýalaryna berilýän goldawlar dowam edýär.

Ýer titremelerden soň Türkiyäniň Toronto, Monreal we Wankuwer Baş konsullyklarynyň koordinasiýasynda çylan ýardym merkezlerine, ýurtdaky musulman jemgyýetleri bilen birlikde Kanadanyň halky hem goldaw berýär.

Kuweýtde ýer titremede zyýan çeken adamlar üçin başladylan kampaniýada 67 million dollar ýygnaldy.

BAE-de ýer titremelerden soň ynsanperwer işleriň çäginde soňky 24 sagatda tebigy apatyň täsir ýetiren sebitlerine 117 tonna ynsanperwer kömek ugratdy.

Beýik Britaniýa Türkiyä tiz kömek toparyny we göçme hassahanasyny ugratdy.

Azerbaýjandan we Gruziýadan gelen 80 ýük ulagy Sarp gümrük geçelgesinden ýurda girdi.

Germaniýa ýer titremede zyýan çeken adamlara wiza ýeňilligini döretmek üçin işe girişdi.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok, Germaniýadaky türk we siriýaly maşgalalaryň ýer titremeden zyýan çeken dogan-garyndaşlaryny wagtlaýyn häsýetde ýanlaryna getirmek üçin kömek etmek isleýändiklerini habar berdi.

Germaniýanyň Içeri işler ministri Nensi Faýzer, wiza ýeňilliginiň 3 aý möhlet bilen üpjün edilmeginiň meýilleşdirilýändigini mälim etdi.

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wolodimir Zelenskiý, Türkiýäniň Kiýew şäherindäki ilçihanasyna bardy, ýörite depdere gynanç ýüzlenmelerini ýazdy.

Hataý welaýatynda ýer titremeden 5 gün soň bir bäbegiň halas edilmegini Italiýanyň Premýer ministri Jorjiýa Melona täsir ýetrdi. Meloni Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Hataýda 122 sagat soň 2 ýaşyndaky bir bäbek halas edildi. Bu kynçylykly bir zamanada bir umyt ýüzlenmesi" diýip belledi.

ABŞ-ly aktrisa Andželina Džoli sosial media hasabyndan Türkiyä we Siriýa kömek berilmegi barada çagryş berdi.

Türkiyä raýdaşlyk bildirmek maksady bilen Gollandiýanyň Zwolle şäherindäki De Peperbus soborynda we Belgiýanyň Anwers şäherindäki taryhy soborda kakylýan jaňlaryň üsti bilen Türkiyäniň Milli senasy ýerine ýetirildi.

Ýene degişli makalalar

Italiýada gidroelektrik desgasynda bolan partlamada 4 adam ýogaldy
Hirosimada G7 sammiti geçiriler
Italiýada mafiýanyň lideri göz tussaglygyna alyndy
Dünýäniň dört künjeginden Türkiyä gynanç ýüzlenmeleri gelip gowuşýar
Dünýä liderleri Türkiyä gynanç bildirýärler
Hirosimada G7 toparynyň sammiti öz işine başlady